Arkadag şäherinde döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna şu ýyl ilkinji gezek talyplar kabul edilýär. Ýokary okuw mekdebiniň düzüminde atçylyk, atçylyk weterinariýasy, atly sporty, atly syýahatçylyk we milli at üstündäki oýunlar, oba hojalygynyň ykdysadyýeti fakultetleri döredildi.
Halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň ýokary hünärli işgärlere bolan zerurlygyny nazara almak bilen, täze hünär bilim edaralary açylýar. Bu okuw edaralarynyň hatarynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi hem-de Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi bar.
Olaryň birinjisinde 5-6-njy synplarda matematika, informatika, geografiýa, rus we iňlis dillerini okatmaga hukugy bolan başlangyç synplaryň mugallymlaryny, şeýle hem çagalar baglarynda iňlis dilini okatmaga hukugy bolan terbiýeçileri taýýarlarlar. Lukmançylyk mekdebinde birnäçe hünärler we ugurlar boýunça orta hünär bilimli saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak göz öňünde tutulýar.