Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyna ýetmekdäki ikinji Meýletin milli syny hödürledi

19-njy iýulda durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşýan Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Durnukly ösüş maksatlarynyna ýetmekdäki ikinji Meýletin milli syny hödürledi.

Hasabatyň tanyşdyrylyşynda wekiliýet foruma gatnaşyjylara 2019-njy ýylda ilkinji Synyň hödürlenenden bäri geçen döwürde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary, şeýle hem durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen orta we uzak möhletli milli maksatnamalaryň we strategiýalaryň durmuşa geçirilişi barada maglumat berildi diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Tanyşdyrylyşda görkezilen wideo şekiller ýurduň Durnukly ösüş maksatlarynynyň görkezijilerini milli derejede uýgunlaşdyrmakda gazanan üstünliklerini, şeýle hem Türkmenistanyň sebitleýin we dünýä derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny görkezdi. Hususan-da, ulag, energetika we ekologiýa ýaly möhüm ugurlara aýratyn üns berildi.

Meýletin milli synyň tanyşdyrylyşyna şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa, Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary G.Annaniýazowa, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri E.Açilowa we J.Gurbanmyradow gatnaşdylar.

Esasy hasabatyň ahyrynda sowal-jogap alyşyldy, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň wekiliýetine sorag bermäge we Milli syn barada teswir bermäge mümkinçilik aldylar.

 


Yza

Şeýle hem okaň