Türkmenistan durmuş üpjünçilik babatda kanunçylyk işlerini kämilleşdirýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 21-nji iýulda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleri, durmuş üpjünçiligi ulgamynda kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksine laýyklykda taýýarlanan Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemegiň tertibiniň hem-de Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemek boýunça toparyň düzüminiň taslamalary barada aýdyldy. Bu barada TDH ýazýar.
Bu ulgamdaky gatnaşyklary kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge aýratyn üns berilýär diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


Yza

Şeýle hem okaň