Aşgabatda Gökdere jülgesinde ýerleşýän çagalar
sagaldyş-dynç alyş merkezlerine mekdep okuwçylaryny 3-nji gezek ugratdylar. Bu
mynasybetli Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäk meýdançada dabara
geçirildi. Dabarada
çagalar toparlary aýdymlary we tanslary, sahna oýunlaryny ýerine ýetirdiler. Bu
barada Halkara habarlar merkezi habar berdi.
Dynç almaga gelen çagalar
ýörite awtobuslarda Köpetdagyň jülgesindäki sagaldyş merkezlerine tarap
ugradylar. Gökderede bolsa, çagalary milli aýdymlar we tanslar bilen dabaraly
ýagdaýda garşy aldylar.
Bu ýerde 14 sany çagalar
sagaldyş-dynç alyş merkezleri ýerleşýär we 1 tapgyrda 7 müň 100 töweregi çaga
dynç alyp bilýär.
Bu sergin howaly jülgede
ýerleşýän çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň biri-de «Nebitçidir». Özüniň
owadan peýzažy bilen tapawutlanýan «Nebitçi» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezi
2008-nji ýylda açylandyr. Bu ýerde bir wagtda 550 sany çaga dynç alyp bilýär.
«Nebitçi» çagalar sagaldyş
dynç alyş merkezinde çagalara Medeniýet merkezi, saglyk nokady, naharhana bilen
bir hatarda 10-a golaý desga hyzmat edýär.
Bu dynç alyş we sagaldyş
merkezinde bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, döredijilik
merkezleri, el hünärini, rus, iňlis dillerini öwrenmek üçin ýörite gurnaklar,
kitaphana hereket edýär.
Gökderede tomusky dynç alyş
möwsümi şu ýylyň 10-njy awgustynda tamamlanar.