Türkmen wekiliýeti Nýu-Ýorkda Durnukly ösüş boýunça ýokary
derejeli foruma gatnaşdy. Bu forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we
ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew bilen BMG-niň ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň
(BMG-Habitat) ýerine ýetiriji direktory Maimouna Mohd Şerifiň arasynda duşuşyk
geçirildi.
«Orient»-niň habar bermegine görä, bu gepleşikleriň
barşynda S.Joraýew Türkmenistanyň ýurtda BMG-Habitatyň edarasyny ýerleşdirmäge
taýýardygyny mälim etdi.
Joraýew Türkmenistanyň BMG-niň ilatly ýerler boýunça
maksatnamasyny bilen özara täsiriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynda şäher
syýasatynyň, ykdysadyýetiň we maliýe ösmegine şert döredýändigini aýtdy. Bu
hyzmatdaşlygyň ilatly ýerleri meýilleşdirmek we taslamak ýörelgelerini
ösdürmäge oňyn täsir edýändigini aýtdy.
Söhbetdeşler şu ýylyň 29-njy iýunynda açylan Türkmenistanyň
ilkinji «akylly şäheri» Arkadag şäherine aýratyn üns çekdiler. Ministr soňky
açylyş dabarasyna gatnaşandyklary we «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji
tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça teklipleri üçin maksatnamanyň wekillerine
minnetdarlyk bildirdi.
Maliýe we ykdysadyýet ministri BMG-Habitatyň hünärmenlerini
şu ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistana çagyrdy. Şeýle hem, Maimouna Mohd Şerife
Türkmenistanyň BMG-niň ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň dostlar toparynyň
agzasydygyny ýatlatdy.