Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 24-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär, oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatda pagta arassalaýjy kärhanalar, harmanhanalar we pagta ýygyjy kombaýnlar ýygym möwsümine taýýarlanylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Sebitde güýzlük ekinleriň ekişine agrotehniki kadalara laýyklykda taýýarlyk görülýär, ideg işleri geçirilýär. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine ünsi çekdi we şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegi babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda ideg işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görmek boýunça degişli işler dowam edýär. Mundan başga-da, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini bellenen möhletlerde geçirmek boýunça tagallalar edilýär. Şeýle hem häkim ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhümdigini belledi hem-de gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň ýokary hilli geçirilmegi, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Türkmenistanyň Prezidenti Oba milli maksatnamasyna, ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga beriljek medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda-da häkime anyk tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär, gowaçanyň hatarara bejergisi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak boýunça zerur işler geçirilýär, tehnikalardan we gurallardan netijeli peýdalanylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalary, harmanhanalary, kombaýnlary pagta ýygymy möwsümine taýýarlamak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häzirki wagtda welaýatyň ak ekin meýdanlarynda geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ekişe taýýarlyk görmegiň çäklerinde sürüm, tekizleýiş işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle-de güýz möwsüminde gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini hem-de şaly ekilen meýdanlarda ideg işlerini ýokary hilli ýerine ýetirmek boýunça zerur çäreler görülýär. 

Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berildi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde alnyp barylmagynyň zerurdygyny aýtdy hem-de häkime welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleriniň bellenen möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutany ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga beriljek dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunda döwrebap oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Pagta arassalaýjy kärhanalary, harmanhanalary, pagta ýygyjy kombaýnlary ýygym möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle-de geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilen ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şaly ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna, ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we häkime gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamak babatda birnäçe görkezmeler berildi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow häzirki wagtda welaýatda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler gowaça meýdanlarynda ideg işleri bellenen talaplara laýyklykda ýerine ýetirilýär. Hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalar, harmanhanalar, pagta ýygyjy kombaýnlar ýygym möwsümine taýýarlanylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini ýokary hilli geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň ilatyny ýerli oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň guramaçylykly hem-de öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagy babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda birnäçe görkezmeler berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurtda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler gowaça meýdanlarynda pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalary hem-de pagta kabul ediş harmanhanalaryny, kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny pagta ýygymy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnamak we ilata ýetirmek boýunça işler dowam edýär.

Şeýle hem wise-premýer Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly ekilen meýdanlarda ideg işleriniň, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ýekelemek, otag etmek, gögeriş hem-de ösüş suwuny tutmak işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi we wise-premýere gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleriniň, güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilýän oba hojalyk ekinleriniň ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine, hususan-da, gowaça edilýän ideg işlerine, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak, şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işlere jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, berkarar Watanyň rowaçlygynyň, halkyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

 


Yza

Şeýle hem okaň