Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi

24-nji iýulda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berdi.
Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, pudagara toparyň 2023-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, halkara ynsanperwer hukugynyň durmuşa ornaşdyrylyşynyň 2021 — 2023-nji ýyllar üçin iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi, ýurduň ynsanperwer ugurda abraýly halkara guramalar bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 14-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurduň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny nygtamak bilen, netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, dürli halkara çäreleri guramak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň ugurlary bellenildi. Şeýle-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň geljekki wezipeleri, möhüm ugurlary kesgitlenildi.
Hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna seljerme bermek, milli maksatnamalaryň taslamalaryny, hereketleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak, adamyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklary babatda ýurdumyzyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirişine gözegçilik etmek toparyň işiniň esasy ugry bolup durýar. Mejlisde milli kanunçylygy umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmek boýunça teklipleriň taýýarlanylmagyna hem üns berildi. Şunuň bilen birlikde, çykyş edenler ilatyň bu möhüm ugur boýunça habarlylygyny ýokarlandyrmak wezipesini durmuşa geçirmek üçin Aşgabat şäherindäki, welaýatlardaky adam hukuklary boýunça maglumat merkezlerinde, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýetlidigini bellediler.
Milletler Bileleşiginiň deňhukukly agzasy bolmak bilen, ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň çözgütlerini tapmaga işjeň gatnaşýar. Soňky ýyllarda BMG bilen hyzmatdaşlyk boýunça toplanan tejribäniň üsti yzygiderli ýetirilýär. Türkmen tarapynyň sebit we ählumumy ähmiýete eýe bolan başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi abraýly düzümler bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda, maksatnamalarda öz beýanyny tapýar. Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň», «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» durmuşa geçirilmegi netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändiginiň güwäsi bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 21-nji iýunyndaky Karary esasynda «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» tassyklanylmagy bilen, bu meýilnamany amala aşyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryna mejlise gatnaşyjylar aýratyn üns berdiler. Bu resminama Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasynyň we çagalaryň bähbidine gönükdirilen beýleki resminamalaryň ýörelgelerine esaslanýar. Çagalaryň ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna, olaryň hukuklarynyň, abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen syýasatyň esasy ugurlary täze meýilnamada öz beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda, mejlisde çykyş edenler ýurduň ýaş raýatlary hakyndaky aladanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny nygtadylar. Oňa laýyklykda, çagalaryň sazlaşykly ösüşine, beden taýdan sagdynlygyna, ýokary bilimli bolup ýetişmeklerine, olaryň durmuşy üçin iň amatly şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň ýurduň ýaş raýatlarynyň hukuklaryny üpjün etmek boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý edýändigini tassyklaýar. Bu ugur boýunça ýerine ýetirilýän işler barada berilýän hasabatlar döwletimiziň ýeten derejesi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Şeýle hem pudagara toparyň mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça anyk ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. 
Mejlisiň dowamynda başga-da birnäçe meselelere garaldy.


Yza

Şeýle hem okaň