Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde sebitde umumybilim berýän orta mekdepleriň 8-siniň we bir sany çagalar bagynyň binalar toplumyny açyp ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Çagalara gapylaryny giňden açjak orta mekdepleriň üçüsi Köýtendag etrabynda ýerleşýär. Biri etrap merkezinde, ikinjisi Megejik obasynda, üçünjisi Burguçy geňeşliginiň Daýhan obasynda gurulýan mekdepler, umumylykda, 1790 okuwça niýetlenendir. Etrap merkezindäki we Megejik obasyndaky her biri 790 orunlyk mekdepler gurulýar.
Şu ýyl Çärjew etrabynyň çagalary täze mekdepleriň ikisini sowgat alarlar. Olaryň biriniň gurluşygy Zergär geňeşliginiň Gyzylýap obasynda dowam edýär.
Farap şäherinde gurulýan mekdep bolsa sebitde 1-nji sentýabrda açyljak bilim-terbiýeçilik edaralarynyň iň ulusy bolar. Onda birbada 960 okuwçy döwrebap derejede bilim alyp biler. Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki 500 orunlyk mekdebiň gurluşygyda alnyp barylýar.
Saýat etrabynyň Sakar şäherinde hem täze mekdep gurulýar. Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginiň Akýap obasyndaky mekdepde okuwçylaryň 500-si okar.
Täze okuw ýylyny Köýtendag, Halaç, Saýat, Çärjew we Dänew etraplarynda täze mekdepler bilen, Kerki etrabynyň ýaşaýjylary täze çagalar bagy bilen garşylarlar.
Yza