Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň netijeleri jemlenildi

25-nji iýulda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň netijeleri jemlenildi. Bu saýlawlar 23-nji iýulda açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, giň bäsdeşlik esasynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berdi.

Mejlisiň barşynda Arkadag şäheriniň saýlaw toparynyň başlygynyň saýlawlaryň netijelerini jemlemek boýunça ýerine ýetiren işleri baradaky hasabaty diňlenildi. Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, demokratik ýörelgeler esasynda 5 saýlaw okrugynyň hersinde bir orna iki dalaşgär bellige alyndy. Munuň özi şu saýlawlaryň bäsleşik esasynda geçirilendigine şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, saýlaw toparlarynyň Teswirnamalaryna laýyklykda, ses bermegiň netijeleri boýunça Geňeşiň 5 agzasy saýlanyldy.

Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna laýyklykda, Geňeş agzalarynyň saýlawlary geçirildi diýlip ykrar edildi. Şeýlelikde, 10 dalaşgäriň 5-si saýlanyldy. Halkyň saýlanlarynyň ählisi halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärleridir, Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Agrar partiýanyň wekilleridir, öz işiniň ussatlarydyr.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň netijeleri tassyklanyldy. Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda, saýlanan dalaşgärler baradaky maglumatlar ýakyn wagtda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap ediler.

 


Yza

Şeýle hem okaň