Türkmenistanyň orta mekdeplerinde täze okuw ýylyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Awgust aýyndan başlap Türkmenistanyň paýtagtyndaky we welaýatlardaky orta mekdepler çagalary birinji synpa kabul etmek üçin resminamalary kabul edip başlarlar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Mekdepde okamak üçin şu resminamalar  ̶  dogluş hakyndaky şahadatnama (göçürme), ýaşaýan ýeriňdäki saglyk öýünden  bellenilen nusgadaky lukmançylyk kartasy, çagalar bagyndan häsiýetnama  gerek.  Şeýle hem  mekdebe girmek üçin bellenen nusgada anketa doldurmaly we resminamalar tabşyrylanda ata-eneleriň pasportlary (asyl nusgalary) bolmaly. 2023-2024-nji okuw ýyly üçin birinji synplara 2017-nji ýylda doglan 6 ýaşly çagalar kabul edilýär.
Türkmenistanda giňden, dabaraly bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bolan 1-nji sentýabr hemişe tolgundyryjy we ýatdan çykmajak baýramçylykdyr. Şol gün  birinji synp okuwçylaryň durmuşynda ilkinji mekdep jaňy ýaňlanar, ýurt boýunça on müňlerçe çaga ilkinji gezek parta başyna geçer, olar üçin jadyly bilimler dünýäsine ajaýyp syýahat başlanar.
Awgust çagalaryň mekdebe işjeň taýýarlanmagy nukdaýnazaryndan gyzgalaňly aýdyr. Ata-eneler çagalary bilen zerur zatlary almak üçin dükanlara, bazarlara howlugýarlar. Söwda nokatlarynda okuw esbaplarynyň söwdasy gyzýar, paýtagtda we ýurduň welaýatlarynda mekdep bazarlary işleýär. Söwda pudagy müşderilere, esasan, ýurtda öndürilýän kanselýariýa we dokma önümleriniň giň görnüşini teklip edýär.
Her ýyl ýurduň mekdeplerinde täze okuw ýylyna  toplumlaýyn taýýarlyk görülýär, bilim edaralarynda ýeňil we düýpli abatlaýyş işleri geçirilýär. Şol bir wagtyň özünde, okuw maksatnamalary we meýilnamalary kämilleşdirilýär, mekdepler okuw kitaplarydyr gollanmalar, zerur möçberde  birinji synp okuwçylary üçin ýazuw depderleri bilen üpjün edilýär.
Bu pudagyň hemmetaraplaýyn ösmegine gönükdirilen birnäçe milli ýörelgeler hereket edýär. Olaryň arasynda sanly bilim ulgamyny ösdürmek, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylymlarda dersleri öwretmegi kämilleşdirmek we beýleki wezipeler bar. Olaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurtdaky bilim ulgamy hil taýdan täze derejä çykýar, ösüşi halkara ülňülerine laýyklykda amala aşyrylýar.
Türkmenistanda işleýän orta mekdepleriň umumy sany iki müňe golaýlaýar. Ýurduň 200-e golaý mekdebi matematika, informatika, tebigy ylymlar, takyk ylymlar we ynsanperwer ylymlar, şeýle hem iňlis, rus, nemes, fransuz, italýan, hytaý we beýleki daşary ýurt dillerini öwretmäge ýöriteleşdirilendir.
Ýurtda däp bolşy ýaly, her ýyl Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze mekdepler açylýar.


Yza

Şeýle hem okaň