Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan operasiýa geçirilen çagalar Awazada dynç alarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna operasiýa geçirilen çagalar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga we dikeldiş bejergilerini dowam etmäge ugradylar. Bu barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory Ogulmähri Geldiýewanyň «Türkmenistan» gazetinde duşenbe güni çap edilen makalasynda habar berilýär.

Operasiýa geçirilen çagalar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alarlar we dikeldiş bejergilerini dowam etdirerler.

Makalada bellenilişi ýaly, ýakynda Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Pemberton usuly bilen Türkmenistanda ilkinji ortopedik operasiýa üstünlikli ýerine ýetirildi. Şeýle hem gaznanyň hasabyna ýakynda dogabitdi ýürek kemisligi bolan alty sany çaga, dogabitdi daýanç-hereket ulgamynyň kesellerinden ejir çekýän iki çaga ortopedik, hem-de dogabitdi merkezi nerw ulgamynyň keseli bolan çaga neýrohirurgik operasiýalar geçirildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylda döredilendi. Bu günki gün onuň hasabyna geçirilen ýüzden gowrak operasiýalar, barlaglar, hassahanalara sowgat edilen lukmançylyk enjamlary çagajyklaryň deň-duşlarynyň hataryna goşulyp, oýnap-gülmegine mümkinçilik döretdi.

 


Yza

Şeýle hem okaň