Aşgabat şäheriniň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli
dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek hem-de şäheriň
binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de gözelleşdirmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet
habarlar agentligi habar berdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Içeri işler
ministrligine Aşgabat şäheriniň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda döwrebap
medeni-dynç alyş seýilgähiniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini
abadanlaşdyryp gurmak barada «Nowa hyzmat» hususy kärhanasy bilen şertnamany,
seýilgäh üçin elektrik, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň içerki we daşarky
eltiji inženerçilik ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak we umumyşäher
ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar
berildi.
Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň awgust aýynda başlamak we
medeni-dynç alyş seýilgähini 2025-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar
edip tabşyrmak bellenildi.