Ýurduň welaýatlarynda we etraplarynda, şeýle hem Aşgabat we
Arkadag şäherlerinde mekdep harytlarynyň söwdasy şu ýylyň 1-nji awgustyndan
başlar. 28-nji iýulda Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda
wise-premýer B.Atdaýew mekdep harytlarynyň söwdasyny guramak boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Söwda we daşary
ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiñ söwda düzümleri tarapyndan okuwçylar we
talyplar üçin, harytlary öndürijiler we iberijiler bilen bilelikde, ýurduň
bazarlaryny okuw esbaplary, okuwçy we sport egin-eşikleri, aýakgaplary hem-de
beýleki harytlar bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Ýurduň welaýatlarynda we etraplarynda, şeýle hem Aşgabat we
Arkadag şäherlerinde mekdep harytlarynyň söwdasyny 5-nji sentýabra çenli
geçirmek meýilleşdirilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, mekdep
harytlarynyň bazarlarynyň ýerleşdirilýän ýerleriniň alyjylar üçin amatly
bolmagy hem-de mekdep harytlarynyň bolçulygynyň üpjün edilmegi ugrunda ähli
çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutany wise-premýer
B.Atdaýewe bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.