28-nji
iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky
Hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisiñ barşynda wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyñ
awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriñ tertibi barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, hususan-da, awgust aýynyň dowamynda ýurduň welaýatlarynda,
Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 2023-nji ýylyň "Arkadag Serdarly bagtyýar
ýaşlar ýyly" diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny,
wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde
tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Awgust
aýynda yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniñ jemlerini jemlemek, sportuñ
dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek meýilleşdirilýär. Çagalar sagaldyş
we dynç alyş merkezlerinde birnäçe çäreleri guramak göz öñünde tutulýar. Mundan
başga-da, geljek aýda Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda “Çalsana, bagşy!”
atly bäsleşigiñ welaýat tapgyrlaryny, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
“Hazar deñzi — parahatçylyk we dostluk deñzi” atly maslahaty geçirmek, Daşary
işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistan — ÝUNESKO:
abadançylygyñ hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly dabaraly maslahaty guramak, Döwlet
medeniýet merkeziniñ Mukamlar köşgünde höwesjeñ aýdymçy ýaşlaryñ arasynda
“Ýañlan, Diýarym!” telebäsleşiginiñ jemleýji tapgyryny, Daşoguz şäherinde
“Garaşsyzlyk — dillerimiziñ dessany” atly festiwaly we maslahaty geçirmek
meýilleşdirilýär.
Döwlet
Baştutany hasabaty diñläp, wise-premýere meýilleşdirilen çäreleriñ ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.