Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäherinde 4 müň
orunlyk köpugurly medeni merkeziň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk
ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada "Döwlet gurluşyk" hojalyk
jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara
gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Gurluşyk
işlerine 2023-nji ýylyň awgust aýynda başlamak we medeni merkezi 2026-njy ýylyň
iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Resminama
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabadyň ilatynyň we
myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek,
şeýle-de Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da
gözelleşdirmek maksady bilen kabul edildi.