1-nji awgustda Türkmenistanda mekdep bazarlary we
ýarmarkalary işläp başlady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web
sahypasynda habar berildi.
Mekdep bazarynda mekdep okuwçylary üçin zerur bolan köp
sanly harytlaryň söwdasy guraldy. Ýöriteleşdirilen bazarlarda talyp ýaşlar hem
okamak üçin zerur bolan zatlary amatly bahalaryndan satyn alyp bilerler.
Hödürlenýän önümleriň arasynda gyzlar üçin mekdep lybaslary
— köýnekler, ak öňlükler, oglanlar üçin bolsa penjekler, köýnekler, galstuklar
bar. Ýarmarka önümleriniň arasynda amatly aýakgap, sport eşikleri we sumkadyr
portfeller, iş torbalary bar.
Içerki öndürijileriň mekdep önümleri sarp edijileriň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýurduň dokma kärhanalary we aýakgap zawodlary önümleriniň önümçiligini işjeň ýokarlandyrýarlar.Döwlet we hususy çaphanalar kanselýariýa önümlerini, esasanam talyp depderçeleriniň, gündelikleriň önümçiligini artdyrýar. Şu ýyl Bilim ministrliginiň buýrugy bilen Döwlet neşirýat gullugy birnäçe täze mekdep okuw kitaplaryny çykardy.
Mekdep bazarlarynyň we ýarmarkalarynyň işi 5-nji sentýabra
çenli dowam eder.