Türkmenistanyň Adalatçysy BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Ýazdursun Gurbannazarowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasynyň gaýtadan bellenen sebit wekili Matilda Bogneriň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi. Bu barada «Türkmenistan:Altyn asyr» elektron neşiri tarapyndan habar berildi.Habarda bellenilişi ýaly, onlaýn duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň alyp barýan işleriniň adam hukuklaryny goramaga we ösdürmäge, bu ugurda habardarlygy ýokarlandyrmaga, adam hukuklary guramasynyň institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin Aziýa-Ýuwaş umman Forumynyň (APF) baha beriş komissiýasynyň tekliplerini durmuşa geçirmäge gönükdirilendigi bellenildi.

Şertnama guramalary we hukuk goraýjy edaralaryň Global bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşlikde aýdylyşy ýaly, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň edarasy Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň esasy halkara hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, sebit wekili Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň hyzmatdaşlygy we adam hukuklaryny ösdürmekdäki möhüm ornuna ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Adalatçynyň Diwanynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmekde we bilelikdäki çäreleri geçirmekde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

 


Yza

Şeýle hem okaň