Türkmen alabaýynyň
dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek
hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol
çekdi.
Resminama laýyklykda,
Türkmen alabaýynyň baýramyny her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde
belläp geçmeli.
Türkmenistanyň Oba
hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Halkara «Türkmen alabaý itleri»
assosiasiýasy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramynyň ýokary derejede
hem-de guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.
Ministrlikler we
pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri
Türkmen alabaýynyň baýramynyň dabaraly ýagdaýda bellenip geçilmegine ýardam
bermeli.
Türkmenistanyň Oba
hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi
bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary
Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde
taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
«Türkmen alabaýynyň
baýramyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 25-nji
fewralynda çykaran 810-njy Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň
we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2021-nji ýyldaky 2-nji ýygyndysynyň
1791-nji maddasy) ikinji — dördünji böleklerini güýjüni ýitiren diýip ykrar
etmeli.