4-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara howa
menzilinden gelýän ýoluň ugrunda ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň
birinde ýerleşýän köpriniň ýanynda saklandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet
habarlar agentligi habar berýär.
Gahryman Arkadagymyz köpriniň we ulag ýollarynyň
ýakalarynda ornaşdyrylýan germewleri synlap, olaryň bezeg serişdelerine ünsi
çekdi. Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda Aşgabadyň
ýol-ulag düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyna, degişli desgalaryň gurluşygyna we
olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, uly ýollaryň, köprüleriň
yşyklandyrylyşyna we beýleki işlere aýratyn üns berilýär. Şunda milli
binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
we Gahryman Arkadagymyzyň goldamagynda bu ugurda amala aşyrylýan işler dünýäniň
iň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň hatarynda mynasyp orun
eýeleýän Aşgabadyň durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary derejesine çykandygyna aýdyň
şaýatlyk edýär. Paýtagtymyzy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek şähergurluşyk
ulgamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu barada aýtmak
bilen, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň döwletimiziň
ykdysady-syýasy taýdan ösüşiniň depginini, jemgyýetimiziň medeni we ruhy
durmuşynyň derejesini görkezip, paýtagtymyza gelýän myhmanlarda özüniň gözel
keşbi bilen ýatdan çykmajak täsirleri galdyrmalydygyny belledi. Şunda Aşgabadyň
ekologik ýagdaýyny we arassaçylygyny saklamak bilen baglanyşykly meseleler
yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.
Hormatly Arkadagymyz binalaryň we desgalaryň bezeglerine
ünsi çekip hem-de bu işde ulanylýan serişdeleriň ýokary hilli bolmalydygyny
nygtap, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna
gözegçilik edýän orunbasaryna birnäçe tabşyryklary berdi. Bu işlerde öňdebaryjy
tejribeler, täzeçil usullar işjeň ulanylmalydyr, serişdeleriň berkligine hem-de
ýerli howa şertleriniň täsirine durnukly bolmagyna aýratyn üns berilmelidir.
Gahryman Arkadagymyz ýol-ulag düzümine degişli birnäçe
desgalaryň çyzgylaryny synlap, olara belliklerini aýtdy we düzedişleri girizdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýol germewlerinde behişdi bedewlerimiziň
şekilleriniň ýerleşdirilmeginiň, yşyklandyryş ulgamynyň degişli bezegleriniň
zerurdygyny, olaryň owadan we özboluşly bolmalydygyny nygtady. Şunuň bilen
birlikde, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň desgalarynyň
gurluşygynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini aýtdy. Häzirki
zaman yşyklandyryş enjamlary paýtagtymyzyň agşamlaryny has owadan görnüşe
getirýär. Şeýlelikde, öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärli we
toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir.
Ulag ýollarynyň, köprüleriň taslamalary işlenilip
taýýarlanylanda, olaryň bezeg aýratynlyklaryna möhüm üns berilmelidir diýip,
Gahryman Arkadagymyz belledi. Şeýle-de ekologik meselelere, ýollaryň ugrunda
ekmek üçin bag nahallarynyň düýpli saýlanylyp alynmagyna, bu işlere alymlary
çekmek arkaly topragyň ylmy taýdan öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri çözmek
üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtap, hemmelere işlerinde
üstünlikleri arzuw etdi.