Türkmenistanda dürli ugurlar boýunça Ýaşlar baýragyny almak üçin arzalar kabul edilip başlandy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi Ýaşlar baýragyna dalaşgärleriň resminamalaryny kabul edip başlady diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» web sahypasynda habar berildi.

Her ýyl geçirilýän bu çärä 16 ýaşdan 35 ýaş aralygyndaky edebiýatda we sungatda, ylmy gözleglerde, lukmançylykda we sportda, oba hojalygynda we jemgyýetçilik çärelerinde möhüm üstünlikleri gazanan, döredijilik we zähmet işjeňligini görkezen ýaş raýatlar çagyrylýar.

Baýraga dalaşgärler ministrlikler, pudak edaralary, döwlet edaralary-kärhanalary, jemgyýetçilik we döredijilik guramalary, ylmy, bilim, saglygy goraýyş edaralary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan hödürlenip bilner.

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna dalaş edýänler 15-nji sentýabra çenli baýragyň guramaçylyk toparyna şu resminamalary tabşyrmaly: 3x4 ölçegdäki 6 fotosurat; pasportyň göçürmesi, diplomlar, Hormat hatlary, metbugatda çap edilen döredijilik eserleri, telewideniýedäki çykyşlarynyň ýazgylary; iş ýa-da okuw ýerinden häsiýetnama; Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna agzalyk şahadatnamasy.

Däp bolşy ýaly, ýeňijilere Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy 16-njy noýabrda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününde geçiriler. 1991-nji ýylda döredilen gurama şu ýyl özüniň 32 ýyllygyny bellär. Ýaşlar baýragy her ýyl ýurduň ýaş nesliniň tapawutly, başarjaň we aýratyn zehinli wekillerine gowşurylýar.


Yza

Şeýle hem okaň