Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna ugrady.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Arkadagly Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.