Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji
sentýabrda Nýu-Ýorkda açyljak 78-nji sessiýasynda Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygyna gabatlap 2024-nji ýylda Türki dilleriň halkara
hepdeligini geçirmegi, şeýle hem Türk dilleriň bütindünýä gününi döretmegi
teklip eder.
Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
resmi web sahypasynda çap edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji
sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan wezipelerinde beýan edilýär diýip,
«Türkmenistan: Altyn asyr» web sahypasy habar berýär.
«Medeniýetara dialogy ösdürmek we BMG-niň Baş
Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarda köp dilliligi goldamak baradaky
kararlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Magtymgulynyň doglan gününiň 300
ýyllygyna gabatlap, 2024-nji ýylda ÝUNESKO we TÜRKSOÝ bilen bilelikde Türki
dilleriň halkara hepdeligi geçirmek, mundan başga-da, şeýle kararnamalary kabul
etmegiň toplanan tejribesine esaslanyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türki
dilleriň bütindünýä güni» Kararnamasyny kabul etmek mümkinçiligine garamak
teklip edilýär» diýlip, resminamada aýdylýar.