Türkmenistanyň
ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän Ýaponiýanyň Sukuba
uniwersitetinde 2023-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap ýapon we daşary ýurt talyplary
üçin türkmen dilini öwredýän okuw dersleriniň başlanmagy meýilleşdirilýär. Bu
barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Ýaponiýada
türkmen dilini, edebiýatyny we medeniýetini öwrenmäge isleg bildirýänler üçin
Sukuba uniwersitetiniň ylmy işgäri Masahiro Oku tarapyndan okuw sapaklary
geçiriler.
Ýaponiýada
türkmen diliniň öwrenilmegini ilerletmek üçin Masahiro Oku bilen Döwletmämmet
Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýapon dili bölüminiň
uçurymy Jennet Rozykulyýewa tarapyndan 2023-nji ýylyň iýul aýynda “Ýapon
dilinde türkmençe gepleşik kitapaçasy” atly täze okuw gollanmasy taýýarlanyldy.
Ýaponiýanyň
Nippon gaznasynyň Merkezi Aziýanyň we Ýaponiýanyň adam resurslaryny ösdürmek
taslamanyň (NipCA Project) çäklerinde 2023-nji ýylyň 26-njy maýynda we 27-nji
iýunynda Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň professory Tosinobu Usuýama, şeýle
hem bu ýokary okuw mekdebiniň ylmy işgäri Masahiro Oku Döwletmämmet Azady
adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýapon dili bölüminiň
talyplary üçin dürli mowzuklar, şol sanda, ýapon we türkmen dillerini
deňeşdirmek boýunça ýörite leksiýalarynyň okadylandygy barada bellemek gerek.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi