Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji
mejlisinde halkara hukuk resminamasyna — «Merkezi Aziýada we Mongoliýada ölüm
jezasyndan azat zolak baradaky Şertnama» garamagy teklip eder. Bu barada Türkmenistanyň Daşary
işler ministrligi habar
berýär.
Resminamada Türkmenistanyň Merkezi Aziýada ölüm jezasyny
ýatyran ilkinji döwlet bolandygy, indi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we
Mongoliýanyň ölüm jezasyndan azat ilkinji sebit bolmak mümkinçiliginiň bardygy
bellenilýär.
«Ýokarda aýdylanlara esaslanyp, Türkmenistan Merkezi
Aziýa sebiti we Mongoliýa üçin «Merkezi Aziýada we Mongoliýada ölüm jezasyndan
azat zolak hakynda Şertnama» halkara hukuk resminamasynyň işlenip düzülmegine
we kabul edilmegine garamagy teklip edýär. Geljekde şeýle resminama dünýäde
ölüm jezasynyň ýatyrylmagyny öňe sürmek maksady bilen bu sebitiň başlangyjy
esasynda Ölüm jezasyny ýatyrmak baradaky konwensiýanyň işlenip düzülmegine we
kabul edilmegine esas döredip biler» diýlip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji
sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutulýan wezipelerinde aýdylýar.
Ýeri gelende bellesek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň
78-nji sessiýasy 12-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda açylar.
Çeşme: Türkmenistanyň
Daşary işler ministrligi