Türkmenistanyň durnukly ösýän ykdysadyýeti — halkyň abadançylygynyň kepili

Ylmy çemeleşmä, hojalygy netijeli ýöretmäge we meýilnamalaşdyrmaga esaslanýan Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň strategiýasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu strategiýa ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýalaşdyrmaga we sanlylaşdyrmaga, bazar düzümleriniň we döwlet gözegçiliginiň netijeli sazlaşygyna, iň täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy», şeýle hem şu ýyl üçin Türkmenistanyň Maýa goýum maksatnamasy ýaly resminamalarda bu maksatlara ýetmek üçin birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Şu ýylyň birinji ýarym ýyllygynyň netijeleri ýurdumyzyň makroykdysady ösüşiniň we ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylandygyna, milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagynyň derejesiniň artdyrylandygyna, onuň bazar gatnaşyklaryna çykmagynyň işjeňleşdirilendigine, hyzmat ulgamynyň we esasy pudaklaryň depginli ösüşiniň üpjün edilendigine, ähli ulgamlarda sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyna, önümçiligiň we ylmyň özara gatnaşygynyň berkidilendigine şaýatlyk edýär. 14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň alty aýynyň dowamynda geçirilen çäreleriň netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgininiň üpjün edilip, onuň 6,2 göterim artandygy barada habar berildi. Maýa goýum serişdeleriniň, eksportyň, içerki sarp edilişiň artmagy we telekeçiligiň ösdürilmegi ykdysady ösüşiň esasy itergi beriji güýji bolup hyzmat edýär.

2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 24,6 göterim artdy we jemi içerki önümiň 16 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,4 göterimi önümçilik, 50,6 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Şeýle hem bank ulgamy tarapyndan karz bermegiň möçberi, aýratyn-da, döwlete dahylsyz pudaga, oba hojalyk önümlerini öndürijilere ipoteka karzyny bermegiň möçberi artdyryldy. 2023-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 113,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,6 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ykdysadyýetde maliýe serişdeleriniň kadaly dolanyşygyny gazanmagyň, milli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň çeşmelerini yzygiderli öwrenmegiň, ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça beýleki banklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Ykdysady we maliýe durnuklylygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, häzirki döwürde ähmiýetli wezipeleriň sanawynda ilatyň zähmet derejesini ýokarlandyrmak, döwletiň eksport kuwwatyny artdyrmak, pudaklara sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, bilim ulgamyny ösdürmäge we ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak görkezildi.

Döwlet Baştutanymyzyň «Erkin ykdysady zolaklar hakynda» we «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryndan, şeýle hem ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni hakynda Ähtnamadan gelip çykýan kadalaşdyryjy namalary taýýarlamak boýunça beren tabşyryklary ykdysadyýetiň ösüşine täze itergi berer. Sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmak elektron salgyt ulgamyny doly işe girizmäge ýardam eder. Häzirki wagtda ýurdumyzda senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam etdirilýär, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligine, eksporta gönükdirilen harytlaryň mukdarynyň artdyrylmagyna, elektron senagatyň döredilmegine degişli döwlet maksatnamalary işjeň amala aşyrylýar. Geçen ýarym ýylda Arkadag şäheriniň açylmagy, şeýlelikde, täze şäheriň halkara güwänamalaryňdyr sylaglaryň 21-sine mynasyp bolmagy munuň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiz halkymyzy bu waka bilen gutlap, ýerli gurluşykçylar tarapyndan bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtda şeýle şäheriň döredilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlydygynyň nyşanydygyny belledi.

Türkmenistanda şu ýylyň başyndan bäri geçirilen maýa goýum forumlary döwrebaplaşdyrylan, ýokary tehnologiýaly senagata, dünýä bazarynda dürli görnüşli bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän, gaýtadan işleýän häzirki zaman düzümlerine daýanýan milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda gazanylanlar hakynda düşünje almaga mümkinçilik berdi. Aprel aýynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum geçirildi. Foruma daşary ýurtlaryň meşhur nebitgaz işewürlik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň, abraýly halkara guramalaryň, bu ugurda ýöriteleşen bilermenleriň gatnaşmagy dünýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Maýa goýum forumynyň çäklerinde geçirilen halkara maslahatyň gün tertibine baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazarlarynyň ösüşi, Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz toplumlaryny özleşdirmäge degişli taslamalara maýa goýumlary çekmek, “Galkynyş” gaz käniniň öndürijiligini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlygyň täze gurallary, ekologik taýdan howpsuz önümçilikleri, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm meseleler girizildi.

Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna, şeýle hem Arkadag şäheriniň durmuş-ykdysady, senagat taýdan ösdürilmegi üçin maýa goýumlary çekmek maksady bilen, iýun aýynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň, halkara we sebit guramalarynyň, abraýly maliýe düzümleriniň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini özünde jemlän “Akylly” şäher Arkadag” atly halkara maýa goýum forumy geçirildi. Iri işewürlik duşuşygyna gatnaşyjylar häzirki döwürde Türkmenistanyň ösüşiniň umumy ykdysady görkezijileri hem-de onuň maýa goýum strategiýasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halk hojalygy toplumyny düýpli özgertmäge, strategik hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge, şol sanda ähli derejede netijeli sanly we “ýaşyl” çözgütleri ilerletmek meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen syýasaty bilen tanyşdyryldy.

Çykyş edenler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini häsiýetlendirýän soňky ýyllaryň makroykdysady görkezijileri barada durup geçdiler. Hususan-da, 2022-nji ýylyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterime, maýa goýumlaryň ösüşiniň 14,2 göterime deň bolandygy, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, eksport harytlarynyň möçberiniň 43,6 göterim artandygy bellenildi. Ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň her ýylky möçberi 30 göterimden gowrakdyr. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy bolsa 13 göterime ýetýär. Halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda eksport-import amallary, hyzmatlar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça şertnamalar we beýlekiler bar.

4-nji awgustda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada bellenilişi ýaly, energetika pudagynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine daýanyp, taraplar nebitgaz hem-de elektrik energetikasy pudaklarynda bilelikde işlemegiň mümkinçiligine seretmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda energetika pudagynyň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde gepleşikleri geçirmek barada ylalaşdylar.

Umuman, ähli pudaklara innowasion we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly eksportyň ösüşi ýola goýulýar. Bu bolsa ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň önümçiligini hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga itergi berýär. Soňky ýyllarda Özbegistanda, Türkiýede, Russiýada, Belarusda we beýleki döwletlerde açylan Türkmenistanyň söwda öýleri ýokary hilli senagat, oba hojalyk önümleriniň daşarky bazarlara çykarylmagyna ýardam edýär.

Batly depginler bilen ösýän hususyýetçilik pudagy hem ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň berkemegine mynasyp goşant goşýar. Türkmen telekeçileriniň gazanýan üstünlikleri mart aýynda geçirilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýubileý forumynda aýdyň şöhlelendi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzyň hususy işewürliginiň 28 müňden gowrak wekilini özünde jemläp, telekeçiligi ösdürmek, bu ugurdaky başlangyçlary goldamak we döwrebap işewürlik düzümlerini kemala getirmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar hem-de innowasion ykdysadyýetiň kemala gelmegine, ykdysadyýetiň ösmegine goşant goşýar.

Şu ýylyň iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemi boýunça getirilen maglumatlar hususy telekeçiligiň batly depginler bilen ösýändigini tassyklaýar. Oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüşi şu ýylyň alty aýynda 110,3 göterime, senagat önümçiliginiň ösüşi bolsa 109,6 göterime barabar boldy.

Işewür toparlaryň agzalary döwletimiziň hemmetaraplaýyn goldaw bermeginde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaşaýyş jaý, kottej toplumlaryny, awtoduralgalary, iri infrastruktura we senagat desgalaryny gurýarlar. Iri döwlet buýurmalarynyň hatarynda ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň, Arkadag şäheriniň desgalarynyň, paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň gurluşyklary bar. Ýurdumyzyň telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport edilýän, bäsdeşlige ukyply harytlaryň önümçiligi bilen işjeň meşgullanýarlar.

Türkmen telekeçileri önümçiligiň täze ugurlaryny yzygiderli özleşdirmek bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde we hyzmatlar ulgamynda sanly özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine goşant goşýarlar. Hususy IT kompaniýalar işewürligi ösdürmek, sanly ulgam arkaly degişli maslahatlary geçirmek, sanly dolandyryş we kiberhowpsuzlyk, «akylly» öý hem-de «akylly» şäher konsepsiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýärler. Birnäçe kompaniýalar elektron söwda we sanly hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýarlar. Şolaryň hatarynda jemgyýetçilik iýmiti, lomaý we bölek satuw işi bilen meşgullanýan telekeçiler bar. Olar saýtlaryny döredip, dürli platformalar arkaly onlaýn buýurmalary kabul edýärler hem-de eltip bermek hyzmatyny ýola goýýarlar. Munuň özi sarp edijileriň sanynyň köpelmegine we içerki sarp edişiň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Şu ýylyň birinji ýarymy boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8 göterim köpeldi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklary, raýatlaryň pensiýalary hem-de döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary ýene 10 göterim ýokarlandyrylar.

Şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin söwda toplumynyň önümçilik kuwwatynyň doly peýdalanylmagynyň zerurdygyny belledi. Aprel aýynda geçirilen Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi ýurdumyzda harytlaryň öndürilişiniň möçberini giňeltmekde we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde gazanylan üstünlikleri görkezdi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň söwda portalyny işe girizmek dabarasy boldy. Ol biziň döwletimiziň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmegine ýardam bermek, hususan-da, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça teswirnamany ýerine ýetirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.

Ýewropa Bileleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde, şeýle hem Halkara söwda merkeziniň we BMG-niň Söwda we Ösüş boýunça konferensiýasynyň tehniki taýdan ýardam bermeginde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan döredilen onlaýn platforma ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin strategik häsiýete eýe bolan harytlar toparynyň eksporty, importy we üstaşyr iberilmegi baradaky maglumaty özünde jemleýär. Bu maglumatlar bäsdeşlige ukyply ýagdaýyň kemala gelen, işewürligi guramagyň we hyzmatlary amala aşyrmagyň döwrebap usullary üstünlikli ulanylýan içerki söwdanyň durnukly ösüşini görkezýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň görkezijileri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan milli maksatnamalaryň netijelidigini tassyklaýar. Watanymyzyň mundan beýläk-de depginli ösdürilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagy bu maksatnamalaryň baş wezipesidir.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»

 


Yza

Şeýle hem okaň