Türkmenistanda giriş möwsümi dowam edýär

Türkmenistanyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän dalaşgärleriň giriş synaglary gyzgalaňly dowam edýär. Ýaşlar dürli iş ugurlarynda geljegiň hünärlerini özleşdirmäge ymtylýarlar.

Dalaşgärleriň arasynda sanly tehnologiýalar, lukmançylyk, ykdysadyýet, ylym we innowasiýa ugurlaryna has uly isleg bildirilýär. Ýurtda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty hünärleriň sanynyň köpelmegine we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, «Arkadag Serdar bilen bagtly ýaşlar» şygary astynda geçýän şu ýylda ýokary okuw mekdeplerinde 35 sany täze hünäre talyp kabul edilýär.

Arkadag şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem ilkinji gezek talyp kabul eder. Bilim ojagy tarapyndan hödürlenýän ugurlaryň arasynda atçylyk, weterinariýa, weterinariýa we sanitariýa barlagy, at tälimleri, atçylyk sporty we atçylyk syýahatçylygy, milli atçylyk oýunlary, sirk sungaty, ykdysadyýet we oba hojalygyny dolandyrmak, oba hojalygynda buhgalteriýa we audit ýaly ugurlar bar.

Bu ýokary okuw mekdebi üçin ilkinji giriş möwsümi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba uniwersitetiniň binýadynda geçirilýär. Bu ýerde Atçylyk akademiýasyna Ahal welaýatyndan we Aşgabat şäherinden dalaşgärler üçin giriş synaglary geçirildi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde paýtagtyň uniwersitetine ýurduň welaýatlaryndan gelen oglan-gyzlar üçin giriş synaglary dowam edýär. Belläp geçsek, şu ýyl bu ýerde ÝUNESKO-nyň «Medeni miras: geçmişden geljege» atly täze kafedrasy açyldy.

ÝUNESKO-nyň «Durnukly ösüş üçin ekologiki bilim» atly ýene bir kafedrasy Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda işläp başlady. Täze bilim platformalary içerki ýokary bilim ulgamynyň we umuman, ylmy ulgamyň ösmegine mynasyp goşant goşmaga gönükdirilendir.

 Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»


Yza

Şeýle hem okaň