Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi Awazada sport çärelerine gatnaşýarlar

Şu günler ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi zähmet rugsadynda bolup, olaryň köpüsi Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň göreldesine eýerip, ýolbaşçylar işjeň dynç alyp, wagtlaryny peýdaly geçirýärler. Munuň üçin syýahatçylyk zolagynda hemme amatly we oňaýly şertler bar. Bu barada Türkmenmetbugat habar berýär.

Şeýle dynç alyş günleriniň birinde ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi welosipedli ýörişe çykdy. Hazar deňziniň kenarynda guralan bu çäreden hem görnüşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ýaýbaňlandyrmakda, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty bilen meşgullanmagy wagyz etmekde görkezýän şahsy göreldesi ählihalk goldawyna eýe bolýar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň biri-birinden owadan binalarydyr desgalary mawy gözýetimi jähekläp oturan kenara juwan keşp berýär. Binalaryň daş-töwereginiň, seýilgähleriň bagy-bossanlygy göwünleri göterýär. Ol daşky gurşawa aýawly garamagyň, amatly ekologiýa ýagdaýynyň saklanmagynyň talaplaryna-da gabat gelýär. El bilen döredilen tokaýlyklar, täze seýilgäh zolaklary arassa deňiz kenarynda beden saglygyna we işjeňligine amatly täsir edýän şypaly mikroklimaty döredýär. Şunuň ýaly şertlerde welosiped sürmegiň ýa-da sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmagyň adamlaryň ruhubelentligine hem-de sagdynlygyna täsiriniň örän uludygy lukmançylyk ylmy tarapyndan subut edilendir.

Ýakynda Hazar deňziniň kenarynda dynç alýan döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň welosiped sürmegi hem-de sport enjamlarynda türgenleşip, dürli maşklary ýerine ýetirmegi Awazada işjeň dynç almagyň nusgasy bolup, halkyň saglygy bilen baglanyşykly ähli wezipeleriň ähmiýetini ýokarlandyrýar, ynsan saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny görkezýär.

Ýolbaşçylar Awazanyň giň we tekiz ýollaryndan welosiped sürüp baryşlaryna ýörişleriniň dowamynda bu sapaly künjegiň gözelliklerini, dynç alyş we saglygy dikeldiş maksatly binalardyr desgalaryň biri-birinden owadanlygyny, suw çüwdürimlerdir seýilgähleriň sazlaşykly utgaşmasyndan dörän ajaýyplyklary synladylar. Olar welosipedli ýörişiň barşynda «Awaza» sport toplumyna gelip, bu ýerde sport bilen meşgullandylar, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdiler.

Mundan başga-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyşda bolýan ýolbaşçylar öz aralarynda woleýbol, şaşka, küşt oýnamak ýaly sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşdylar.

Bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmegiň, sport bilen meşgullanmagyň adamyň ruhuny göterýändigini, maksada okgunlylygy terbiýeleýändigini köp ýyllaryň durmuş tejribesi subut edýär. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň nusgalyk göreldesine eýerýän ildeşlerimiz, şol sanda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi durmuş kadasyna öwürýärler.

Şunuň bilen baglylykda, saglygyň çeşmesi hasaplanýan daşky gurşawyň arassalygynyň goralmagyna uly üns berilýändigini aýratyn nygtamak gerek. Çünki ekologiýa howpsuzlygyny goramak häzirki döwürde ynsan saglygyny üpjün etmegiň möhüm şerti hasaplanýar. Türkmen jemgyýetinde sagdyn we işjeň durmuşy goldamak, daşky gurşawa aýawly garamak ýörelgeleriniň üstünlikli dowam etdirilýändigi, olary pugtalandyrmak maksady bilen, ajaýyp başlangyçlaryň öňe sürülýändigi guwandyryjydyr. Bu babatda 12-nji awgustda Hazar deňziniň gününiň dabaraly bellenmegi hem-de bu senä bagyşlanyp, deňiz ýakasynda «Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi» atly ylmy-amaly maslahatyň guralmagy möhüm ähmiýetli boldy. Şeýle çärelere, sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşýan, Awazanyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýan ildeşlerimiz dynç alyş günlerini gyzykly we netijeli geçirýärler.

Döwrümiziň ajaýyplyklarynyň hözirini görüp dynç alýan, saglygyny berkidýän ähli watandaşlarymyz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk hem-de alkyş sözlerini aýdýarlar.

 

Çeşme: Türkmenmetbugat

 


Yza

Şeýle hem okaň