Enjamlary uzak aralykdan dolandyrmakda sanly ulgamyň ähmiýeti barada ylmy maslahat geçirildi

 Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzda sanly ulgam arkaly enjamlary uzak aralykdan dolandyrmagyň mümkinçilikleri» atly ylmy seminar-maslahaty geçirildi.  Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Maslahata Tehnologiýalar merkeziniň birnäçe barlaghanalarynyň işgärleri, Himiýa institutynyň, Seýsmologiýa we atmosfera fizikasy institutynyň, Taryh we arheologiýa institutynyň, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary gatnaşdylar we sanly dolandyryşyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Sanly ulgamlar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy Nurmyrat Gurbanlyýewiň çykyşynda enjamlary uzakdan dolandyrmagyň mümkinçilikleri barada aýdyldy. Tehnologiýalar merkeziniň Maglumat howpsuzlygy we aragatnaşyk tehnologiýalary barlaghanasynyň esasy hünärmeni Parahat Ataýew enjamlary uzakdan dolandyrmagyň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. 

Şeýle hem maslahatda dürli ulgamlarda anyk wezipeleri çözmek maksady bilen sanly tehnologiýalary ulanmak we alnan maglumatlary işlemek meseleleri barada «Türkmenistanda awtomatiki seýsmiki gözegçilik ulgamynyň döredilmegi», «Topragyň agrohimiki düzümi boýunça sanly tematiki kartalary işläp taýýarlamak», «Nebit we gaz pudagynda IT tehnologiýalary», «Elektrik hereketlendiriş dolandyryş ulgamlarynda sanly maglumatlary geçirmegiň netijeliligi», «Himiýa institutynyň gözleg işlerinde sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly gazanylan üstünlikler», «Magtymguly Pyragynyň portalynyň maglumat bazasy», «Dürli dillerde çeşmeleri ulanmakda häzirki zaman internet mümkinçilikleri» ýaly temalardan çykyş edildi.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»

 


Yza

Şeýle hem okaň