Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş edaralarynyň işi bilen tanyşdy

12-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş edaralarynyň işi bilen tanyşdy we olaryň işiniň netijeliliginiň artdyrylmagyna bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Arkadag şäherinde ynsan saglygynyň berkidilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegine, hususan-da, şäheriň halkara ülňülere doly laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň işine uly üns berilýär.

Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasyna geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew we Arkadag şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Ý.Işangulyýew täze şäheriň saglygy goraýyş ulgamynyň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde alnyp barylýan işler, ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp, dag eteginde ýerleşýän şäheriň ekologiýa meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de degişli ýolbaşçylara amatly howa gurşawyny döretmek maksady bilen, ekilen baglara we seýilgäh zolaklaryna talabalaýyk idegiň ýola goýulmalydygyny, bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Bagy-bossanlyga bürelen şäheriň ýokary ekologiýa derejesi howanyň arassalygyny üpjün edýär, ynsan saglygynyň berkidilmegine ýardam edýär.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz lukmanlaryň hünär derejesi, olaryň daşary ýurt dillerine erk edişi bilen gyzyklandy.

Döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen köpugurly hassahananyň lukmany bu ýerde näsaglary bejermek, dürli operasiýalary geçirmek üçin ähli şertleriň döredilendigini habar berdi. Hassahananyň işe başlan pursadyndan bäri, bu ýerde çylşyrymly operasiýalaryň eýýäm üçüsi ýerine ýetirildi. Lukmanlar öz işinde täzeçil usullary netijeli ulanýarlar.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde ýurdumyzda lukmançylyk ylmynyň ösüşiň täze derejesine çykandygyny belläp, bu ugurda dünýä tejribesini ulanmagyň hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny nygtady. Lukmanlaryň hünär taýdan kämilleşmegi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Şunda türkmen hünärmenleriniň dünýäniň öňdebaryjy hassahanalarynda tejribelerini artdyrmaklaryna möhüm orun berilýär.

Täze hassahanada operasiýalaryň üstünlikli geçirilmegi guwandyrýar, bu işleri dowam etmek gerek diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Ýurdumyzyň lukmanlarynyň halkara derejede geçirilýän forumlara gatnaşmagy hem-de Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten derejesi, halk lukmançylygynyň täsin usullary barada gürrüň bermekleri möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklar berildi.

Soňra hormatly Arkadagymyz, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedow hassahananyň dikeldiş bölümine bardy. Bu ýerde Balkan welaýatyndan gelen G.Gölliýewanyň operasiýadan soňky bejergini alýandygy barada gürrüň berildi.

Gahryman Arkadagymyz bejergi alýan gyzjagazyň ýanyna baryp, onuň hal-ýagdaýy, saglygy bilen gyzyklandy. Gyzjagazyň ejesi Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gyzynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa edilendigini we operasiýanyň şowly geçip, çagasynyň gün-günden gowulaşýandygyny gürrüň berdi.

Gahryman Arkadagymyz gyzjagazyň operasiýadan soňky dikeldiş döwrüniň netijeli boljakdygyny belläp, munuň üçin hemme mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy hem-de gyzjagaza özüniň sowgadyny gowşurdy.

G.Gölliýewanyň ejesi ýurdumyzda adamlaryň saglygy barada döwlet derejesindäki aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza ene ýüreginden syzdyryp, alkyş sözlerini aýtdy we ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň bähbidine alyp barýan köpugurly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy operasiýa geçirmäge taýýarlyk üçin niýetlenen otaga girdi, şol ýerde degişli lukmançylyk hyzmatlaryny alýan Ö.Ýolamanowyň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Oglanjygyň ejesi ogluna operasiýa geçirmek üçin haýyr-sahawat gaznasyna ýüz tutandygyny we onuň haýyşynyň kanagatlandyrylyp, häzir oglunyň operasiýa taýýarlanylýandygyny gürrüň berdi. Bölümiň lukmany operasiýa taýýarlygyň oňat barýandygyny, oglanjygyň ýagdaýynyň kanagatlanarlydygyny, çaklamalaryň gowudygyny habar berdi.

Gahryman Arkadagymyz bu hassahanada näsaglary bejermek hem-de operasiýadan soňky dikeldiş işleri üçin hemme şertleriň döredilendigini, bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň halkara ölçeglere laýyk gelýändigini, bölümde işleýän lukmanlaryň hünär derejelerini yzygiderli kämilleşdirýändiklerini belläp, oglanjygyň ejesini operasiýanyň üstünlikli geçjekdigine ynandyrdy.

Oglanjygyň ejesi hemmelere hoşallyk bildirdi hem-de oglunyň tiz sagaljakdygyna we geljekde özi ýaly çagalar bilen sportuň dürli görnüşlerine gatnaşjakdygyna ynam bildirdi. Ol bu ýerde ýerine ýetirilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejededigini aýratyn nygtady we sowgatlary üçin Gahryman Arkadagymyza ýene bir ýola sagbolsun aýtdy.

Lukman Arkadagymyz ýurdumyzda çagalaryň saglygy, olaryň sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň döwletiň hemişelik üns merkezinde durýandygyny belläp, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň hossarsyz galan we durmuş taýdan aýratyn goldawa mätäç çagalara hemişe kömek edýändiklerini habar berdi. Kömege mätäje şeýle ynsanperwer gatnaşyklar türkmeniň ganynda bar, bu hemişe şeýle bolupdy we mundan beýläk-de şeýle bolar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň we Arkadag şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Ý.Işangulyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm üns berilýändigini nazara alyp, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde senagat we önümçilik maksatly desgalar gurlanda, ekologiýa meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şeýlelikde, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak bilen bir hatarda, önümçilik kuwwatlyklarynyň ekologiýa derejesi yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.

Arkadag şäheriniň ýurdumyzyň howa gurşawynyň ýakymly, gözel künjekleriniň birinde bina edilendigini, bu ýerde arassa dag çeşmeleriniň ynsan saglygy üçin ýaramlydygyny belläp, lukman Arkadagymyz bu ýerlerde ösýän tebigy ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri barada gürrüň berdi, şunuň bilen baglylykda, bu ugurda daşary ýurtly hünärmenleriň tejribesini ulanmak bilen ylmy işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin «akylly» şäher konsepsiýasyny netijeli peýdalanmak zerurdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Şunda Arkadag şäheriniň çäklerinde degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek möhüm talap bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleriniň ylmy esasda öwrenilmelidigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleriniň we türkmen alymlarynyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Arkadagymyz ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak üçin bu ugurda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini nygtap, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Ýaşulular geňeşiniň agzalary hossarsyz galan çagalara at dakýarlar, olary atalyk mähri bilen gurşap alyp, bu meselelere jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşýärler diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady hem-de çagalaryň ösüp, ulalyp, Watanymyzyň özlerine dakylan atlara mynasyp raýatlary boljakdyklaryna we ýurdumyzyň ösüşine goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Haýsydyr bir sebäbe görä, hossarsyz galan çagalaryň özlerini «Arkadagyň nesilleri» diýip, uly buýsanç bilen atlandyrmaklary, hiç bir zada mätäç bolman, hossarlary bilen bir maşgalada ýaşaýan ýaly ýagdaýlaryň döredilmegi olaryň döwlet goldawy bilen gurşalyp alnandygynyň nobatdaky beýanydyr. Olar özlerini berkarar ýurduň bagtyýar nesilleri diýip, aýratyn guwanç bilen atlandyrýarlar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň çäginde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine geldi. Bu ýerde merkeziň ýolbaşçysy M.Öküzowa alnyp barylýan işler, näsaglaryň saglyk ýagdaýlary barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz merkezde çagalaryň alýan bejergileriniň netijeleri bilen gyzyklandy. Merkeziň lukmany bejergi alýan çagalaryň daýanç-hereket ediş agzalarynyň işini dikeltmek üçin döredilen mümkinçilikler, bölümde gurnalan enjamlaryň aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Lukman Arkadagymyz çagalar bilen söhbetdeş bolup, olaryň hal-ýagdaýlary bilen gyzyklandy. Çagalaryň ejeleri bu ýerde ähli amatlyklaryň döredilendigini, lukmanlaryň tagallasy bilen bejergide üstünlikleriň gazanylandygyny gürrüň berip, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çagalaryň tiz sagaljakdyklaryna ynam bildirip, olara sowgatlaryny gowşurdy hem-de lukmanlara ýüzlenip, hünär derejelerini yzygiderli kämilleşdirmek, dünýäniň ösen tejribesini işjeň özleşdirmek meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Arkadagymyz bölümiň nobatdaky otagynda bejergi alýan çagalaryň hal-ýagdaýy bilen gyzyklandy hem-de daýanç-hereket ediş agzalaryny bejermekde ulanylýan serişdeleriň täsin aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Lukman Arkadagymyz enjamlaryň çaganyň bedeniniň berkemeginde, olaryň hereketiniň işjeňleşmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýdyp, enjamlaryň netijeli we talabalaýyk ulanylyşynyň lukmanlaryň hemişelik gözegçiliginde bolmalydygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz çagalary atalyk mähri bilen gurşap, olara beden sazlaşygyny üpjün etmek üçin ýöriteleşdirilen maşklary etmäge ýardam berdi. Çagalar özlerine lukman Arkadagymyzyň öwredýän usullaryny özleşdirmek üçin uly tagalla etdiler.

Watanymyzyň röwşen geljegi ösüp gelýän nesillere baglydyr, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy şu günki güne bagly. Hut şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz çagalaryň bagtyýar durmuşynyň, şatlykly günleriniň bolmagy, gülki sesleriniň elmydama ýaňlanyp durmagy babatda yzygiderli alada edýär. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli goldaw-hemaýatlary, türkmen halkynyň Milli Lideriniň uly üns-aladasy netijesinde, kämil şahsyýeti kemala getirmek, iň esasy bolsa, sagdyn nesli terbiýelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Soňra Gahryman Arkadagymyz merkeziň eýwanynda çeper döredijilik bilen meşgullanýan we surat çekýän çagalaryň arasyna baryp, olaryň ýerine ýetirýän işleri bilen gyzyklandy. Döredijiligiň netijeli lukmançylyk hyzmatlary bilen bir hatarda, tiz sagalmakda möhüm ähmiýete eýedigini belläp, Gahryman Arkadagymyz toplumlaýyn çäreleriň zerurdygyny nygtady hem-de çagalara tiz sagalmaklaryny arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde operasiýadan soňky bejeriş döwri üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini bellemek gerek. Bu ýerde çagalaryň boýun-oňurga we hereket ediş agzalarynyň dogry ösüşini üpjün edýän ýöriteleşdirilen otaglar, olarda degişli enjamlar bar. Bu bolsa çagalaryň tiz sagalmaklarynda aýratyn ähmiýetlidir.

Bölümde ýüzüş howzunyň bolmagy we suwda degişli çäreler bilen meşgullanmak çagalaryň sagalmagyna ýardam edýär. Lukmançylyk ylmynyň tassyklamagyna görä, oturdylan enjamlar, ýüzüş howzy, şeýle hem dürli oýnawaçlar, şarlar, maşk etmek üçin niýetlenen enjamlar, olaryň netijeli peýdalanylmagy çagalaryň bedenlerini berkitmek bilen bir hatarda, olaryň aň-düşünjeleriniň sazlaşykly ösüşinde aýratyn ähmiýetlidir.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

 


Yza

Şeýle hem okaň