Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan
çagalar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar
berýär.
Körpejeleriň tomusky dynç alyşlarynyň ýatdan çykmajak pursatlara beslenmegi
üçin Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Awazadaky
«Daýanç» sagaldyş merkezinde ähli şertler döredildi diýlip, «Türkmenistan»
gazetinde habar berildi.
Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň,
Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda «Daýanç»
sagaldyş merkezinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan
çagalaryň gatnaşmagynda «Arkadag sahawaty — ömürleriň çyragy» ady bilen medeni
çäreler geçirilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, çäreleriň baý meýilnamasyna Awazadaky sazly suw
çüwdürimler toplumyna we bu ýerdäki emeli derýa, «Älemgoşar» oýun-attraksionly
seýilgähe gezelençler, körpeleriň arasynda sportuň küşt, şaşka, düzzüm
görnüşleri boýunça ýaryşlar, «Bagtyýar çagalyk» atly söhbetdeşlik, BMG-niň
Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde psihososial
goldawa gönükdirilen okuw sapagy, suw howdanynda suwa düşmek,
lukmançylyk-bejergi işleri, hünär saýlamak boýunça çagalaryň arzuwlaryny
diňlemek ýaly gyzykly çäreler girizilipdir.
Ýeri gelende bellesek, 2021-nji ýyldan, ýagny döredilen gününden bäri gaznanyň
hasabyna köp sanly çaga dürli lukmançylyk bejergileri ýerine ýetirildi,
çagalaryň ençemesine zerur saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirilip,
olar lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün edildi. Bu asylly iş häzirki günlerde
hem dowam etdirilýär.
Çeşme: