Türkmenistanyň Prezidenti Täze ýyl baş arçasynda geçirilen dabaralara gatnaşdy

29-njy dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baş arçasynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy we «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançada baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylaryň şatlyklaryna goşuldy.

Beýikligi 38,5 metr, göwrümi 16 metr bolan, depesinde ýiti yşyklar bilen «2022» belgini aňladýan sekizburç ýyldyz oturdylan arçanyň ýanynda guralan dabara dürli öwüşginli çyralar we owadan serişdeler bilen utgaşyp, ertekiler şäherjigini ýadyňa salýar.

Tamamlanyp barýan 2021-nji ýylyň we ýetip gelýän 2022-nji ýylyň nyşanlary, älemgoşar öwüşginli serişdeler, halk ertekileriniň gahrymanlarynyň keşpleri hem-de baýramçylyk bezegleri bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Bu ýerde birnäçe kiçiräk arçalar ýerleşdirilen meýdançada çagalar üçin örän gyzykly we täsin şekiller hemmelerde ýakymly täsir galdyrýar.

Baş arçanyň ýanynda geçirilýän dabara Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan çagalar we Aşgabat şäheriniň mekdeplerinden göreldeli okuwçylar çagyryldy. Olar okuwyna ökdeler, ders olimpiadalarynyň, sport we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri, şeýle hem çagalar öýlerinde terbiýelenýän nesillerdir.

Baş arçanyň ýanyna ýygnanan çagalar Täze ýylyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbabany hem-de Garpamygy uly şowhun bilen garşyladylar. Şeýle hem bu ýere köp sanly myhmanlar, Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we beýlekiler ýygnandylar.

Baýramçylyk dabarasyna Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bu ýerde ýaýbaňlandyrylan medeni-köpçülikleýin çäreleriň ähmiýetini we çagalaryň ruhubelentligini artdyrdy hem-de ýatda galyjy pursatlara beslendi.

Türkmen Lideri her ýyl Baş arçanyň ýanynda guralýan dabara gatnaşmak üçin wagt tapýandygyny aýratyn bellemek gerek. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bilen duşuşanda, olar bilen söhbetdeş bolýar we körpe nesilleriň isleg-arzuwlary bilen gyzyklanýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançada saklanýar. Bagtyýar çagalar döwlet Baştutanyny uly dabara, goşgy setirleri we joşgunly tanslary bilen garşyladylar.

Bu ýerde Täze ýyl mynasybetli joşgunly aýdym-sazlar ýaňlanýar

Aýazbaba we Garpamyk türkmenistanlylaryň ýaş nesilleriniň adyndan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçjek täze, 2022-nji ýyl bilen gutladylar. Olar ýaş nesilleriň abadançylygy, saglygy, ruhy taýdan ösüşi, zehiniňi we ukybyňy ýüze çykarmak, dünýä ölçeglerine kybap gelýän hemmetaraplaýyn bilim almak ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin döwlet Baştutana tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Soňra türkmen Lideri ýaş artistleriň, sazandalaryň we tansçylaryň joşgunly çykyşlarynyň ýaýbaňlandyrylan ýerine bardy. Bu ýerde belent ruha beslenen aýdym-sazly we joşgunly tansly çykyşlara orun berildi.


Yza

Şeýle hem okaň