Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany bilen UNFPA-nyň arasyndas maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany işgärleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak ücin birnäçe halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Adam hukuklary boýunça milli guramanyň strategiki hyzmatdaşlaryndan biri Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasydyr (UNFPA), ol bu ugurda adam hukuklarynyň dürli ugurlarynda we ilkinji nobatda gender deňligi ugrunda işjeň gatnaşyklary amala aşyrýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

2023-nji ýylyň 11-nji awgustynda BMG-niň Ilat gaznasy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde Adalatçynyň Diwanynyň işgärleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak babatynda tehniki ýardam bermegi ara-alyp maslahatlaşmak boýunça iş duşuşygy sanly ulgam arkaly geçirildi.

Bu iş duşuşygyna BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, Adalatçynyň Diwanynyň wekilleri we Gender deňligi hem-de zenanlaryň reproduktiw saglygy boýunça BMG-niň Ilat gaznasynyň halkara bilermeni Aýsel Wazirowa gatnaşdy.

Adamyň hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň Türkmenistandaky resmi saýtynda aýdylyşy ýaly, halkara hünärmenleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurtda zenanlaryň reproduktiw saglygyny we gender deňligini üpjün etmek babatda oňaýly oňyn tejribe toplanandygyny we degişli milli hukuk binýadynyň döredilendigini bellediler.

Şol bir wagtyň özünde, Adalatçynyň diwanynyň beýleki döwlet edaralary bilen birlikde garaşsyz, milli adam hukuklary guramasy hökmünde zenalaryň reproduktiw saglygyna we gender deňligine bolan hukuklaryny üpjün etmekde möhüm ornuny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Adalatçynyň Diwanynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmakda mundan beýläkde hyzmatdaşlygy giňeltmäge we bilelikdäki çäreleri geçirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»


Yza

Şeýle hem okaň