Aşgabatda "Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy!” atly dabaraly maslahat geçirildi

18-nji awgustda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy!” atly dabaraly maslahat geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp goşgusyna bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň täze goşgusynyň tanyşdyrylyşyna bagyşlanan dabaraly maslahat çeper döredijiligiň ussatlaryny, artistleri täze döredijilik ylhamyna ruhlandyryjy güýje öwrüldi.

Dabaraly maslahatyň başynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetiren “Berkarar döwlet islärin” atly edebi-çeper kompozisiýasynda beýik Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz döwlet, erkinlik hakyndaky arzuw-islegleriniň häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerinde hasyl bolandygy, bu işleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigi çeper keşpde açylyp görkezildi.

Gahryman Arkadagymyzyň Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap ýazan bu ajaýyp goşgusynyň merkezi gazetlerde hem çap edilendigi bellenildi. Beýik Pyragynyň 300 ýyllygy barada söhbet açylanda, 2024-nji ýylda dabaralandyryljak bu şanly senäniň ähmiýetine üns çekildi.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýazan bu täze goşgusy many çuňlugyna eýe bolmak bilen, onuň bentlerinde beýan edilýän mazmunyň yzygiderliligi, setirleriniň bogun we kapyýa sazlaşygynyň doly berjaý edilmegi milli Liderimiziň ussat şahrylygyny nobatdaky gezek aýdyň ýüze çykarýar. Şeýle bolansoň türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze goşgusy-da hemme ozalky ajaýyp şygyrlary ýaly, akgynly we joşgunly okalýar, şoňa görä-de bu täze eser halk köpçüligi tarapyndan uly höwes we kanagatlanma hem-de hoşallyk duýgulary bilen kabul edilýär diýip, dabaraly maslahata gatnaşyjylar buýsanç bilen aýtdylar.

Çykyşlaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň täze goşgusyndan setirler hem okalyp, olar mysal hökmünde getirilip, Köpetdagyň eteginde howalanyp ör-boýuna galan Beýik Pyragynyň “Berkarar döwlet istärin” diýip, arzuwlan döwletiniň – Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan döwletiniň ýeten derejelerini, halkynyň eşretli ýaşaýşyny belentden, uly buýsanç bilen synlap duran akyldar şahyryň ruhunyň hyýallara dolýandygy bellenildi.

Maslahatyň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar, çeper okaýyşlar, çäräniň dabaralylygyny artdyryp, oňa baýramçylyk öwüşginlerini çaýdy. Ýurdumyzyň belli estrada aýdymçylary Magtymgulynyň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler, şahyrlar Beýik Pyragynyň şygyrlaryndan okap berdiler, edebiýatçy alymlar akyldar şahyryň käbir goşgy setirleriniň aňladýan manylary barada gyzykly gürrüň berdiler.

Dabaraly maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň 17-nji awgustda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalar bilen tanşandygy barada hem durlup geçildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly şeýle kämil eseri döredip, halkymyza ajaýyp sowgat edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döredijilginde mundan beýläk-de täze ylham, täze eserleri arzuw etdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi

 


Yza

Şeýle hem okaň