Arkadag şäheriniň orta hünär okuw mekdepleri ilkinji talyplaryny kabul edýärler

Arkadag şäheriniň orta hünär okuw mekdepleriniň üçüsi 2023-2024-nji okuw ýyly üçin talyplary býujet esasynda okuwa kabul edýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýty habar berýär. 

Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde şepagatçylyk işi, laboratoriýa anyklaýyş işi, bejeriş işi, fizioterapiýa we dikeldiş işi, akuşerçilik işi, ortopedik stomatologiýasy hünärleri boýunça bilim berilýär.

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde başlangyç synplarda okatmak we mekdebe çenli bilim we terbiýe ugurlary boýunça hünärmenler taýýarlanar.

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebine 13 hünär boýunça talyplar kabul edilýär. Bu sungat mekdebinde talyplar sazyň taryhy we nazaryýeti, bagşyçylyk sungaty, saz mugallymçylygy, horeografiýa sungaty we dizaýn ugurlary boýunça talyplara bilim berler. 

Türkmenistanyň hünär bilim ulgamy ýurduň ykdysadyýeti we durmuş ulgamynyň ähli pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlaýar. Olaryň hataryna býujet we tölegli esasynda zerur bolan hünärmenleri taýýarlamagy amala aşyrýan dürli görnüşli orta hünär okuw mekdepleri girýär. 

Bulardan başga-da, dalaşgärler «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebinde, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde okamak üçin resminamalaryny tabşyryp bilerler.

Ýaşy 35-den uly bolmadyk, umumy orta bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijelerine laýyklykda bäsdeşlik esasynda orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýär. Okuwlaryň möhleti 2-2,5 ýyl.

Tölegli esasda bilim berýän Türkmenistanyň ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde resminamalary kabul ediş toparlary dalaşgärleriň resminamalaryny 2023-nji ýylyň 21-nji awgustyna çenli kabul etmegini dowam etdirýärler.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»


Yza

Şeýle hem okaň