Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna Kabul edildi

ÝUNESKO-nyň Sekretariatynyň Sosial we ynsanperwer ylymlary bölümçesiniň syýasat we maksatnamalar meseleleri boýunça direktory Anžela Melo öz hatynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň indi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolup durýandygyny uly şatlyk bilen habar berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habaralar agentligi habar berýär.

Bu jemgyýet ýaşlar tarapyndan döredilen we dolandyrylýan özboluşly dünýä derejesindäki merkez bolup durýar. Ol ÝUNESKO-nyň ýaşlar babatyndaky başlangyçlarynyň we beýleki ugurdaş taslamalaryň arasynda özara hereketleriň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti ýaşlary öz guramalarynyň işine giňden çekmäge, ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlyga höweslendirýär. Ol şeýle hem ÝUNESKO-nyň işine degişli taslamalary bilelikde öwrenmäge, işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge çalyşýan ýaşlar we ýaşlaryň guramalary üçin özbaşdak bilim giňişligi hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy diýlip ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işindäki hyzmatlarynyň nobatdaky subutnamasydyr.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habaralar agentligi

 


Yza

Şeýle hem okaň