Aşgabatda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli 21-nji awgustda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan — ÝUNESKO: Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň strategik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde türkmen ýaşlarynyň orny» atly dabaraly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Maslahat başlamazdan ozal oňa gatnaşyjylar ýörite guralan sergi bilen tanyşdylar, onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizilen milli gymmatlyklar, Magtymguly Pyragynyň golýazmalary, beýik şahyryň türkmen we daşary ýurt dillerinde neşir edilen goşgular ýygyndylary, amaly-haşam sungatynyň eserleri we beýlekiler görkezildi. Aýdym-sazly çykyşlar baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Maslahatyň dabaraly bölegi Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde «Ýaşlar Size alkyş aýdýar Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz!» diýen joşgunly çeper okaýyş bilen başlandy.

Çykyş edenler berkarar döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak taryhy waka mynasybetli hemmeleri gutlap, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterýän Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny giňeltmekde bitirýän hyzmatlarynyň nobatdaky ykrarnamasy bolup durýandygyny bellediler.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň röwşen geljeginiň ýaşlarymyzyň elindedigini ençeme gezek nygtap, ýaşlar syýasatyny ýurdumyzyň ösüşiniň örän möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şeýlelikde, türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegi, bu babatda ähli mümkinçilikleriň döredilmegi üçin ygtybarly binýat goýdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tejribe alyşmak, ýurdumyzyň ýaşlarynyň ukyp-başarnyklaryny hem-de zehinini ýüze çykarmak, olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, işewürlik hem-de döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek maksady bilen, işjeň halkara hyzmatdaşlygyny alyp barýar.

Döwletimiz tarapyndan döredilýän amatly şertler netijesinde, ýaş ýigitlerdir gyzlar daşary ýurtlaryň meşhur okuw merkezlerinde ýokary bilim alýarlar, halkara aň-paýhas, döredijilik we sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler, şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik medeni durmuşyna işjeň gatnaşýarlar.

Alnyp barylýan işleriň hukuk esasyny pugtalandyrmak, ýaşlaryň köpugurly mümkinçiliklerini has doly peýdalanmak maksady bilen, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanun işlenip taýýarlanyldy hem-de rejelenen görnüşde kabul edildi. Şeýle hem Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy we olary durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary bilen geçýän şu ýylyň iýun aýynda ýurdumyzyň kanunçylygy hem-de halkara şertnamalary esasynda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksadyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň kabul edilmegi bu ugurdaky ýene bir uly ähmiýetli waka boldy.

Çykyşlarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna kabul edilmeginiň bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny aýratyn nygtadylar. Bu şanly wakanyň Watanymyzyň BMG-niň abraýly düzümine girmeginiň ýakynda bellenilen 30 ýyllygy bilen gabat gelmegi aýratyn buýsançlydyr. Bu düzüm bilen ýakyn hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. ÝUNESKO-nyň ХХI asyryň möhüm meselelerini çözmek ugrunda medeni diplomatiýa arkaly durmuşa geçirýän çäreleri ýurdumyzyň ählumumy derejede parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlary bilen doly utgaşýar.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyk barha giňelýär, täze anyk many-mazmuna eýe bolýar. Soňky ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralary döredildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsinde — Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda hem-de Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda ÝUNESKO klublary açyldy, umumybilim berýän orta mekdepleriň 6-sy bu guramanyň assosirlenen mekdepleriniň toruna goşuldy.

2021-nji ýyldan başlap, dünýä mirasyny gorap saklamak we giňden wagyz etmek maksady bilen, ÝUNESKO tarapyndan 1992-nji ýylda esaslandyrylan «Dünýäniň hakydasy» halkara maksatnamasy işjeň durmuşa geçirilýär. Halkara bilermenler bilen bilelikde geçirilen işleriň netijesinde, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ilkinji gezek «Dünýäniň hakydasy» sanawyna girizildi. Bu çözgüt şu ýylyň 24-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde kabul edildi.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti bilen has ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy türkmen ýaşlarynyň öňünde giň mümkinçilikleri açýar, bu gatnaşyklar guramanyň çäklerinde amala aşyrylýan gyzykly we geljegi uly taslamalara ýaşlary giňden çekmäge, olary höweslendirmäge ýardam berer.

Umumy pikire görä, döwlet tarapyndan berilýän hemmetaraplaýyn goldaw netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan türkmen ýaşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere geljekde hem işjeň gatnaşmak bilen, berkarar Watanymyzyň halkara abraýynyň belende göterilmegine hem-de mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşarlar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň