Täze okuw ýylynda Ahal welaýatynda 7 mekdep işe giriziler

Täze 2023—2024-nji okuw ýylynda, ýagny şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Ahal welaýaty boýunça 7 sany orta mekdebi we 4 sany çagalar bagyny açmak meýilleşdirilýär. Bu täze bilim edaralary açylmagy bilen welaýatdaky orta bilim edaralarynyň umumy sany 374-e, mekdebe çenli bilim edaralarynyň sany 134-e ýeter. Bu barada «Mugallymlar» gazetinde habar berildi.

Çeşmede bellenilişine görä, geçen 2022—2023-nji okuw ýylynda Ahal welaýatynda 366 sany bilim edarasy hereket etdi. Şolaryň 235-si umumy bilim berýän orta mekdep, 130-sy mekdebe çenli çagalar edarasy, biri bolsa welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumydyr. Welaýatyň orta mekdeplerinde 10664 mugallym, mekdebe çenli çagalar edaralarynda bolsa 1605 terbiýeçi çagalara bilim-terbiýe berýär.

Türkmenistanda 2023-2024-nji okuw ýylynda Bilimler we talyplar gününde täze okuw jaýlary işe giriziler.

Ozal habar berşimiz ýaly, Lebap welaýatynyň bilim ulgamy 1-nji sentýabrda başlajak täze okuw ýylyny guramaçylykly, dabaraly garşylamaga taýýarlanýar. Täze okuw ýylynda welaýatyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 1-nji synpyna mekdep ýaşyna ýeten çagalaryň 29807-siniň gelmegine garaşylýar. Şeýle hem täze okuw ýylynyň ilkinji gününde welaýatda täze orta mekdepleriň 8-si hem-de bir çagalar bagy ýaş nesiller üçin gapylaryny giňden açarlar.

Daşoguz welaýatynda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýokary okuw mekdeplerini we orta hünär okuw mekdeplerini tamamlan ýaş hünärmenleriň 551 sanysy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýollanmasy esasynda welaýatyň bilim-terbiýeçilik edaralaryna işe ýollanyldy, olardan 19 sanysy mekdebe çenli terbiýeçileri we 532 sanysy ýokary we ýörite orta bilimli mugallymlar.

Balkan welaýatynda 11 sany mekdepden daşary we goşmaça bilim edaralarynda (çagalar we ýetginjekler döredijilik öýi) 407 toparda çagalara hünärleriň 38-siniň öwredilýändigini bellemek gerek.

 

Çeşme: Orient


Yza

Şeýle hem okaň