Türkmenistanda ýaş zehinler bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Aşgabadyň «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň goldamagynda «Gujurly bilim merkezi» bilim merkeziniň guran ýaş zehinler bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

«Gujurly bilim merkezi» bilim merkeziniň okuwçylarynyň arasynda zehin bäsleşigi yzygiderli geçirilýär. Zehinli çagalara dürli ugurlarda öz ukybyny we başarnygyny görkezmäge mümkinçilik döredýän guramaçylar ýaş türkmenistanlylaryň täze bilimlere islegini höweslendirýärler.

Şu ýyl bilim merkeziniň has zehinli okuwçylarynyň 9-sy bäsleşigiň aýgytly tapgyryna çykdylar, olar bilim merkezinde daşary ýurt dillerini öwrenýärler, şeýle hem üýtgeşik ukyp-başarnyklaryny görkezýärler.

Çagalar bäsleşigiň birinji tapgyrynda bäsdeşlerinden saýlanyp, jemleýji tapgyra çykdylar. Olar uly sahnada çykyş etdiler. Bu ýerde olaryň ukyp-başarnygyna ýurdumyzyň sungat ussatlaryndan we medeniýet işgärlerinden ybarat ygtyýarly eminler topary baha berdi.

Bäsleşige tomaşaçylaryň köp sanlysy gatnaşdy. Ýaş zehinleriň deň-duşlary dostlaryna we synpdaşlaryna janköýerlik etmek üçin bu ýere ýygnandylar.

Mysal üçin, Dawut Ýazberberdiýew Rubigiň kubigini çalt düzmegi gowy görýär, Rejepmyrat Goçmyradow skripkada popurri sazlaryny gowy çalýar, Aliýa Hudaýgulyýewa daşary ýurt dilinde rep usulynda ýaňyltmaç aýtsa, Narmina Aslanowa häzirki zaman tanslarynyň ussady.

Bäsleşigiň aýgytlaýjy tapgyryna çykanlaryň birnäçesi özleriniň üýtgeşik ukyp-başarnyklaryny görkezdi. Olaryň arasynda Tatýana Udowiçenko ogly Stanislaw Demidowskiý bilen bilelikde hytaý sazyna şowhunly tans oýnady. Hytaýlara mahsus gyzyl aždarha çykyşyň özboluşly aýratynlygy boldy.

Aýnur Karowa tümlükde ýalpyldyly lazerler bilen üýtgeşik surat çekdi. Çeper okaýyş žanrynda Begli Tagangeldiýew tanymal şahyr Kerim Gurbannepesowyň goşgularyny labyzly okady. Bäsleşige gatnaşanlardan iň ýaşajygy Gülnur Abdyllaýewa ýakymly sesiniň ajaplygyny görkezdi.

Emin agzalary kyn mesele çözmeli boldular – olar ussatlardan iň gowusyny saýlamalydylar. Biraz salymdan Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowadan, aýdymçy Bahar Durdyýewadan, horeograf, döwlet tans ansamblynyň ýolbaşçysy Didar Agaýewden, şeýle hem radiogepleşikleri alyp baryjylarylardan we KHBS-niň wekillerinden ybarat bilermenler üç ýeňijini kesgitediler.

Birinji orny Aýnur Karowa, ikinji orny Gülnur Abdyllaýewa eýelediler. Tatýana Udowiçenko bilen Stanislaw Demidowskiý üçünji orna düşdiler.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisi, aýgytlaýjy tapgyra çykanlar hem-de ýeňijiler ýadygärlik sowgatlar we baýraklar bilen sylaglanyldy.

 

Çeşme: Türkmenistan: Altyn asyr»


Yza

Şeýle hem okaň