Geljek hepde Magtymguly Pyragy baradaky filmiň surata
düşürilişine gatnaşmak üçin türkmen kinematograflary Astrahana barar. Bu barada
Astrahanda sebitiň daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow bilen
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri
Bilbil Babaýewanyň arasynda geçirilen gepleşiklerde mälim edildi diýip, sebitiň habarlar portaly habar berýär.
— Biz türkmen
kinematograflary üçin Funtowo obasyna baryp görmegi we oba ýaşululary bilen
gürrüňdeş bolmagy, şeýle hem W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet
uniwersitetinde surata düşürmegi öz içine alýan giň maksatnama taýýarladyk.
Täze çykjak filmi döredijilere iň ýokary goldawy bermäge çalşarys – diýip,
Golowkow aýtdy.
Belläp geçsek,
Bilbil Babaýewa Astrahana «Hazar möwsümleri» nusgawy sungat festiwalynyň
hormatly myhmany hökmünde gatnaşýar. Bu halkara festiwala Türkmenistanyň
medeniýet we sungat işgärleri hem gatnaşýar.
W.Golowkow
Astrahan sebitinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemäge
uludan taýýarlyk görülýändigini aýtdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Astrahan üçin
Hazar sebitindäki möhüm hyzmatdaşydygyny belledi. Gepleşikleriň dowamynda
türkmen tarapyna Astrahan sebitinde geçirilen halkara derejeli medeni çäreler
barada habar berildi. Şeýle hem özara gezelenç çärelerini guramak we 2024-nji
ýylda Astrahan sebitindäki hem-de Türkmenistandaky möhüm medeni çärelere sungat
işgärlerini gatnaşdyrmagyň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: Türkmenisatanyň Halkara
ahabarlar merkezi