Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda goňşy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitinde tebigy hadysalaryň bolup geçendigini göz öňünde tutup, Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda degişli harytlardan we azyk önümlerinden ybarat bolan ynsanperwerlik kömegini Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalary üçin taýýarlamak hem-de muzdsuz bermek tabşyryldy.

Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan asylly işleriň, ata-babalarymyzyň mätäç adamlara kömek bermek ugrundaky gadymy däpleriniň häzirki wagtda-da dowam etdirilýändiginiň subutnamasydyr.

Türkmenistan dostlukly döwlete kömek goluny uzatmaga hemişe taýýardyr. Ejir çeken rus çagalaryna ýurdumyzdan ynsanperwerlik ýüküni ugratmaga jogapkärçilikli çemeleşildi. Ýerine ýetirilen işler döwletimiziň dünýä derejesinde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga hem-de ynsanperwer maksatlara ygrarlydygyna şaýatlyk edýär.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň