25-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanda Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
ýolbaşçylary we işgärleri, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň
wekilleri, şeýle hem BMG-niň Aşgabatdaky edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri
gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Duşuşygy açmak bilen, Türkmenistanyň Maliýe we
ykdysadyýet ministri S.Joraýew Türkmenistan bilen BMG-nyň arasynda yzygiderli
ösýän strategiki hyzmatdaşlygyň ýokary netijeliligini belläp geçdi.
Soňra, Milli meýletin syny hödürlendi we Türkmenistan
wekiliýetiniň 2023-nji ýylyň iýul aýynda ECOSOC ýokary derejeli syýasy forumyna
gatnaşmak üçin amala aşyran saparynyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary
M.Bäşimowa çykyşynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň döwletiň içerki we daşary
syýasatyna işjeň gatnaşýandygyny belledi. Durnukly ösüş maksatlarynyň iki sany
ýaş ilçisiniň Syýasy forumyň işine gatnaşmagy, öz gezeginde, milli we halkara
derejesinde türkmen ýaşlarynyň sesini goldanylýandygyny tassyklaýar.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Forumyň çäginde “Durnukly
şäher ulagy: BMG-niň Baş Assambleýasynyň Durnukly ulag boýunça ýokary derejeli
mejlisine taýýarlyk we DÖM-nyň 11-nji bendini durmuşa geçirmek üçin Arkadag
şäheriniň nusgasy” atly ugurdaş çäräniň geçirilendigi bellendi.
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy
D.Şlapaçenko şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek DÖM-nyň sammiti barada
ýygnananlara habar berdi we milli borçnamalaryň taýýarlanylyşy, şeýle hem
Türkmenistanyň DÖM-nyň sammitine bu borçnamalaryny işläp düzmek üçin goşmaça
gurallar barada aýdyp geçdi.
Duşuşygyň dowamynda tegelek stola gatnaşyjylar
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary
G.Annanyýazowanyň DÖM maglumatlarynyň milli bazasyny işe girizmegiň gidişi
baradaky maglumatlary diňlediler.
Çeşme: Türkmenistanyň
Daşary işler ministrligi