Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde iş saparynda boldy

26-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy we olaryň işini döwrebap derejede alyp barmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň nusgalyk şäherine öwrülen Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň häzirki zamanyň talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere kybap gelýändigini bellemek gerek. Bu ýerde alnyp barylýan işler Gahryman Arkadagymyzyň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew garşyladylar hem-de öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Gahryman Arkadagymyz gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we şekil taslamalary bilen tanyşdy. Hususan-da, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow muzeýiň gurluşygyna, onuň içki bezeg aýratynlyklaryna hem-de milli öwüşginlerde bezelmegine degişli taslamalary synlap, ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, şeýle hem muzeýde milli gymmatlyklaryň goýulmagy bilen bagly meselä ünsi çekip, olaryň oýlanyşykly ýerleşdirilmegine aýratyn üns berilmelidigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow muzeýiň içki bezeg işlerinde ulanylmagy meýilleşdirilýän serişdeler, olaryň görnüşleri hem-de binanyň yşyklandyryş ulgamlary barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz özüniň toplan baý tejribesine laýyklykda, täze binanyň bezeg işlerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini, şol bir wagtyň özünde onuň reňk aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri binanyň diwarlary babatda bolşy ýaly, onuň üçeginiň bezegine-de täzeçil usulda çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady. Şunda ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýaş mugallymlarynyň we talyplarynyň teklipleriniň, täzeçil garaýyşlarynyň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň, hususan-da, muzeýiň hem-de şäheriň Baş metjidiniň içki we daşky bezeg işlerinde ulanylmagy meýilleşdirilýän mermer daşlaryň görnüşleri görkezildi.

Gahryman Arkadagymyz mermer daşlaryň muzeýiň we metjidiň diwarlarynda bolşy ýaly, içki sütünleriň bezeg işlerinde hem ulanylmalydygyny belläp, olaryň binagärlik aýratynlyklaryna möhüm üns berilmelidigini tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa muzeýiň basgançaklarynyň we sütünleriniň görnüşleriniň taslamalarydyr çyzgylary görkezilip, olar barada giňişleýin hasabat berildi.

Gahryman Arkadagymyz her bir desganyň bezeg işleriniň özboluşly ähmiýetine laýyk gelmelidigini, binada ýerleşdirilýän häzirki zaman enjamlarynyň talabalaýyk ornaşdyrylmalydygyny, olaryň göze gelüwlilik derejesine zerur üns berilmelidigini aýdyp, bu babatda birnäçe öwüt-ündewlerini berdi.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde görkezilýän taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda şäheriň muzeýiniň we Baş metjidiniň daşky görnüşlerine degişli birnäçe belliklerini aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işler, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy dag eteginde ýerleşýän täze şäheriň ekologiýa derejesine doly laýyk gelmelidir.

Arkadag şäherinde baş metjidiň gurulmagynyň türkmen halkynyň asylly ýörelgelere ygrarlydygyny alamatlandyrýandygyny aýdyp, Milli Liderimiz ähli gurluşyk işleriniň häzirki zamanyň ösen talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi hem-de görkezilen taslamalara käbir düzedişlerini girizip, olary ýerine ýetirmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Köpetdagyň belent gerişleriniň birinde ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän Arkadag şäheriniň adynyň ýazgysynyň görnüşleri görkezildi. Gahryman Arkadagymyz olary synlap, ýazgynyň uzaklardan görünmelidigini, onuň göze gelüwli, özüne çekiji bolmalydygyny, aýratyn-da, ýazgynyň yşyklandyryş ulgamyna häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda çemeleşilmelidigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň taslamalary bilen tanyşlygynyň dowamynda nobatdaky tapgyrda, esasan, senagat-önümçilik toplumlarynyň gurluşygynyň meýilleşdirilendigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm üns berilýändigini nazara alyp, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň gurluşygynda ekologiýa meselelerine uly üns berilmelidigini belledi.

Täze şäherde döwrebap lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş ulgamyna degişli enjamlaryň önümçiligi boýunça häzirki zaman senagat toplumlarynyň gurluşygy meýilleşdirildi. Aýratyn-da, türkmen topragynda bitýän ösümliklerden lukmançylyk serişdeleriniň taýýarlanylmagyna zerur üns berler. Munuň özi, birinjiden, taýýarlanylýan serişdeleriň özüne düşýän gymmatyny peseldýär, ikinjiden bolsa olar ynsan saglygy üçin peýdalydyr.

Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň çäklerinde, saglygy goraýyş, ýeňil we azyk senagaty ulgamlaryna degişli desgalary gurmak meýilleşdirilýär, olar iri toplumlar bolar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, alym Arkadagymyz desgalaryň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygyny, gurluşyk serişdeleriniň hiline we ekologiýa derejesine aýratyn üns berilmelidigini nygtady. Şunda senagat desgalarynyň daşky gurşawa ýaramaz täsiriniň öňi alynmalydyr.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Arkadag şäheriniň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň binasynyň ýerleşjek ýerini kesgitläp berdi.

Ekilmegi meýilleşdirilýän baglaryň we gülleriň görnüşlerine möhüm ähmiýet berilmelidir, seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlenilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň häkimliginiň maslahatlar zalynyň enjamlaşdyrylyşy, onuň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Bu ýerde dürli derejedäki maslahatlary we halkara ähmiýetli forumlary geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz zalyň enjamlaşdyrylyşyna, onuň sanly ulgam bilen üpjünçiligine, yşyklandyryş derejesine aýratyn üns berilmelidigini nygtady we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar boýunça alnyp barylýan işleriň ýokary hilini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, saglyk, azyk we beýleki maksatly desgalaryň hem-de binalaryň gurluşygyny yzygiderli gözegçilikde saklamak bilen, olaryň göze gelüwliligine, önümçilik kuwwatlylygyna uly ähmiýet berilmelidigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döredip berýän ägirt uly mümkinçilikleriniň netijesinde şähergurluşyk işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygy, gurulýan desgalaryň halkara ülňülere doly laýyk gelýändigi we döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylýandygy barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz gurluşyklaryň depginini birjik-de gowşatmaly däldigini, bu wezipä örän jogapkärli çemeleşilmelidigini, halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy ugrunda ähli tagallalary gaýgyrman, şol işlere yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän senagat desgalarynyň daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, ekologiýa howpsuzlygyna degişli birnäçe görkezmeleri berdi hem-de öndüriljek önümleriň ýokary hilli bolmalydygyny, munuň bolsa ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi.

Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza şäheriň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan bagtyýar durmuşda ýaşamaga döredilen şertler üçin hoşallyk bildirdi. Watandaşlarymyzyň ençemesi döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna göçüp geldiler. Şol öýlerde durmuş zerurlyklarynyň ählisi göz öňünde tutulandyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň dünýädäki sport abraýynyň ýyl-ýyldan ýokarlanýandygyny belläp, täze şäherde iri halkara sport ýaryşlaryny, türgenleşikleri geçirmek ugrunda ähli zerur şertleriň döredilmelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 23 — 28-nji noýabry aralygynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakynda degişli Karara gol çekdi. Bu iri ýaryşa gatnaşjak türkmen türgenlerine Arkadag şäherinde ýokary derejede türgenleşik geçmekleri üçin mümkinçilikler döredilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de bu işlere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine barýan şaýoluň ugrunda, ýagny Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Polatly monumentiniň töwereginde saklandy. Bu ýerde dag belentliginde ýerleşdiriljek Arkadag şäheriniň adynyň ýazgysynyň şekil taslamalary görkezildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri taslamalar boýunça gurluşyk babatda öz baý tejribesine salgylanyp, desgalarda we beýleki ýerlerde ýerleşdirilýän ýazgylara, göze gelüwli we döwrebap görnüşde boljak gijeki yşyklandyryş ulgamyna degişli birnäçe maslahatlaryny berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu işlerde häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna esaslanylmalydygyny belledi we hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň