Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

28-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda ýerine ýetirilýän işleriň barşyna seredildi. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Welaýatlarynyň häkimleri welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymyny üstünlikli geçirmek üçin welaýatlarda pagta arassalaýjy kärhanalary, harmanhanalary we pagta ýygyjy kombaýnlary ýygym möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Mundan başga-da, häkimler Bilimler we talyp ýaşlar güni, şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly binalar barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de welaýatlaryň bugdaý ekiljek ýerlerini ekişe taýýarlamak, şeýle hem ekiş möwsüminde babadaýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri berk gözegçilikde saklamagy häkimlere tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatlarda gallaçy babadaýhanlarymyz tarapyndan ýerleri bugdaý ekişi möwsümine taýýarlamak hem-de bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Mundan başga-da, wise-premýer Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň dowam edýändigini habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de şunuň bilen baglylykda, bugdaý ekişiniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirilmegini, pagta ýygymy möwsümine ähli düzümleriň doly taýýarlykly gelmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi


Yza

Şeýle hem okaň