26-njy awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi
geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
ÝUNESKO-nyň işleri barada jogapkär agzalary, degişli ministrlikleriň,
pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri
hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär
sekretary gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar
jemgyýetine goşulmagy bilen bagly, hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubyny
döretmek boýunça öňde duran, amala aşyrylmaly işler barada hasabatlar
diňlenildi.
Mejlise gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara
atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO
klubyny döretmek biziň ýurdumyzyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek
däpleri» atly milli hödürnamamyzyň biziň ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy
däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ugrunda amala aşyrýan işleriniň
logiki dowamy bolar diýip belläp geçdiler.
Şeýle-de, mejlisde «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara
hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen
ugurlaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýeti bilen işjeň hyzmatdaşlygyň
çäklerinde amala aşyrylmaly işler barada durup geçildi.
Çeşem: Türkmenistanyň
Daşary işler ministrligi