Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, 30-njy awgustda bolan duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, gün tertibiniň çäginde toparyň şu ýylky iş Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýakyn geljekde geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreler barada pikir alyşyldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi