Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýaşlar bilen umumy okuw sapagyny geçdi

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň ilkinji «akylly» şäheri — Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, bu ýere ýygnananlary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeleýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2023-2024-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, ýene-de sanlyja günlerden Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 32 ýyl dolýandygyny belledi.

Milli Liderimiziň 2023-2024-nji, täze okuw ýylynyň ilkinji gününde bagtyýar türkmen ýaşlaryna geçen umumy okuw sapagy çuňňur many-mazmuna baý bolup, bu ýere ýygnananlaryň her biriniň kalbynda ýakymly täsirleri galdyrdy hem-de olaryň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda bolup geçen bu taryhy duşuşygyň barşynda ýurdumyzda ähli ugurlarda alnyp barylýan giň gerimli işler hem-de möhüm durmuş meseleleri barada bellenilip geçildi.

Milli Liderimiziň parasatly sözleri, watançylyk we edermenlik baradaky öwüt-nesihatlary hemmetaraplaýyn kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge ýardam edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy şowhunly, dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň