Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe okuw jaýynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

1-nji sentýabrda ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, asylly däbe görä, täze bilim edaralaryny açyp ulanmaga bermek hem-de olaryň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi.

Şanly waka mynasybetli guralýan dabaralaryň birnäçesine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda bilim syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başy başlanan beýik özgertmeleri geljekde mynasyp dowam etdirjek, ösüp gelýän nesil baradaky hemmetaraplaýyn alada bu syýasatyň esasyny düzýär.

Watanymyzyň golaýlaşyp gelýän mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna ajaýyp sowgat hökmünde Arkadag şäherinde häzirki zaman bilim edaralary — Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde ýaşlar üçin gapylaryny giňden açdylar. Milli senenamamyzyň şanly senesiniň öň ýanynda ýurdumyzyň hususy kärhanalary tarapyndan bina edilen iri desgalaryň hatarynda paýtagtymyzda gurlan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumy hem bar.

Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, bu ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, ýokary bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär, munuň özi milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň kemala gelmegine gönükdirilendir.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň