Ýakynda, has takygy 31-nji awgustda Türkmenistanyň
Belgiýadaky ilçihanasy «Diplomatic World» instituty bilen bilelikde
"Türkmenistanyň medeni hazynalary" atly sergi gurnady. Bu çäre
Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi we Belgiýa bilen diplomatik gatnaşyklaryň 30
ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanyp
geçirildi.
Çärä Ýewropa Bileleşiginiň edaralarynyň wekilleri,
şol sanda ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Terri Hakala, Ýewropa
Parlamentiniň agzalary, Brýusselde akkreditirlenen diplomatik gullugyň
ýolbaşçylary we dürli Ýewropa guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Belgiýanyň taryhçysy, Brýusseliň Erkin
uniwersitetiniň professory, doktor Ýan de Maýeriň ýygyndysyndan gadymy türkmen
şaý-sepleriniň görkezilmegi serginiň esasy wakalarynyň biri boldy.
Şeýle hem sergide türkmen halylary, dutar, gyjak we
deprek ýaly milli saz gurallary we milli egin-eşikler görkezildi.
Sergä gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, bu çäre
Türkmenistanyň Belgiýa, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen
hyzmatdaşlygyny ösdürmek nukdaýnazaryndan, şeýle hem biziň ýurdumyz bilen
täsirli özara gatnaşyklaryň çäginde medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň
çuňlaşdyrylmagyna we ösdürilmegine goşant goşar.
Çeşme:
Türkmenistanyň Daşary işler
ministrligi