Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçiridi

4-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işlere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi. Häkimler welaýatlaryň oba hojalyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta ýygyjy kombaýnlary we pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglary möwsüme taýýarlamak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň 9-njy sentýabrda Ahal welaýatda pagta ýygymyna başlamaga ak pata bermegi mynasybetli çäräni ýokary derejede geçirmek maksady bilen degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Welaýatlaryň güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar.

Mundan başga-da, häkimler ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we beýleki maksatly binalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri, şeýle hem bu baýram mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreler barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatynda 6-njy sentýabrda bugdaý ekişine, 15-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata bermegi bilen, bu jogapkärli möwsümlere dabaraly hem-de guramaçylykly girişmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň “ak pata” bermegi bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ýylyň 6-njy sentýabrynda bugdaý ekişine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Taýýarlyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş we çil çekmek hem-de ýuwuş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Möwsümde ulanyljak bugdaý ekiji gurallary we bejergi traktorlary, ýokary hilli bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.

Şeýle hem Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam etdirilýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň ýokary hilli geçirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, bu möwsümlere girişmek dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi


Yza

Şeýle hem okaň