Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde dabaraly maslahat geçirildi

4-nji awgustda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň «Mekan» köşgünde dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr agzalary, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän we dürli ugurlar boýunça bilim alýan ýaşlaryň 800-den gowragy gatnaşdy.

Maslahatlar zalynyň girelgesinde ýaşlaryň ylym we tehnologiýalar babatda ýeten sepgitlerini beýan edýän sergi guralypdyr. Bu ýerde bagşylar türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Maslahatyň esasy maksady ýaşlaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilik giňden wagyz etmek bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň borçlary barada umumy sapak geçdi. 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow pederlerimiziň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgelerini, zähmet däplerini, asylly milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirýän ýaşlar Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň geljegidir – diýip nygtady.

Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň açylyş dabaralary boldy. Munuň bilen bir hatarda, Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyny boldy.

Türkmenabat şäherinde 5 müň orunlyk Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň düýbüni tutmak dabara geçirildi. Şeýle hem, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde 2 müň orunlyk goşmaça okuw binasynyň düýbi tutuldy.

Maslahatda çykyş edenler, döwrebap ylym-bilim merkezleriniň we ýokary okuw jaýlarynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, bu pudakdaky özgertmeleriň möhüm ugrudygyny bellediler.

Dabaraly maslahat Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Bagtyýarlyk mukamy» aýdym-saz topary ýerine ýetirmeginde «Bilimli nesilleň kuwwaty Watan» atly aýdym bilen tamamlandy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi


Yza

Şeýle hem okaň